Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Arheologlar Daňdanakanda alabaýyň gadymy şekilini tapdylar
Medeniýet
Arheologlar Daňdanakanda alabaýyň gadymy şekilini tapdylar
Çap edildi 28.04.2017
3256

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky Milli müdirligiň arheologlar topary bu gezekki ýazky möwsümde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän meşhur orta asyr şäheri bolan Daňdanakanda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Murgap ýaýlasynyň demirgazyk künjeginde, Gadymy Merwden 60 kilometrlikde ýerleşen bu uly bolmadyk şäher ilkinji gezek VIII asyryň orta asyrlar çeşmelerinde ýatlanýar. Ýöne arheologik tapyndylara görä ol araplaryň ýöriişinde has irki döwürde döräpdir. Daňdanakan ýurdumyzyň taryhyna 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda onuň töwereginde bolan ägirt uly söweş zerarly girdi. 977 ýyl mundan ozal doganlar Togrul begiň we Çagryl begiň ýolbaşçylygyndaky 16 müň türkmen Seljuklar atly ýigitleri sany boýunça üç esse artyk bolan gaznewitler soltany Masuda garşy batyrgaýlarça söweş edýärler. Garşydaşlaryň goşunlaryna başagaýlyk aralaşyp, olar söweş meýdanyndan gaçyp gidýärler. Şunlukda, duşman goşunlary doly ýok edilýär. Şu günden başlap, Seljuklar döwletini döreden beýik pederlerimiziň ýeňişli ýörişi başlanýar. OL ХI- ХII asyrlarda tutuş Orta Gündogarda hökümini ýöredýär. Ýöne bu ýerden güjügiň faýansdan edilen kiçijik şekiliniň tapylmagy garaşylmadyk açyş boldy. Ol ähli aýratynlyklary bilen tohumlyk türkmen alabaýynyň şekilini emele getiripdir. Çopanlaryň wepaly ýoldaşy saýylýan alabaýyň gadymy şekili Türkmenistanyň çäginde ozal hem duş gelipdi. Gulagy, guýrugy kesilen alabaýlaryň toýundan edilen şekilleri dürli ýyllarda Altyndepe we Goňurdepe (biziň eýýamymyzdan ozalyk ikinji müňýyllyk) ýaly belli ýadygärliklerden tapylypdy. Köne Nusaýda tapylan Parfiýa ritonlarynyň biriniň bezeginde ägirt uly itiň şekillendirilendigini görmek bolýar. Aşgabadyň muzeýlerinde dürli asyrlarda we dürli senetkärlik merkezlerinde taýýarlanylan ýerli tohumdaky itleriň heýkelleri saklanýar. Daňdanakanda tapylan gymmatlyk örän ajaýypdyr. Bize näbelli bolan ussa alabaýyň esasy şekillerini nepislik bilen döredipdir. Onda uly kelleli, äpet äňi, giň maýlaýy, uly tegelek gözleri, gysga boýny, döşi giň, berk hem-de kuwwatly penjesi bolan alabaý öz beýanyny tapypdyr. Bu alamatlar müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň alabaýyň tohumyny arassa saklanlygyndan habar berýär. Daňdanakandan tapylan heýkel türkmen alabaýynyň öňki aýaklarynyň üstünde kellesini goýup arkaýyn dynç alýan şekilini janlandyrýar. Bu gymmatlygyň halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalardar we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýylynda tapylmagynyň çuňňur manysy bar. Çünki bu oýunlaryň şekil hökmünde alabaý seçilip alyndy. Durnulylygy, wepalylygy, güýji, şol bir wagtyň özünde dostlugy, mähribanlygy alamatlandyrýan bu şekil halkymyzyň özüniň wepaly ýoldaşy bolan alabaý bilen bilelikde geçen taryhy ýolunyň dowamynda emele geldi. ... Daňdanakan birnäçe asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm merkez bolup hyzmat etdi. Ol orta asyrlaryň Sarahsdan Mara gidýän ýoluň bu bölümini beýan eden arap we pars geografiki işleriniň ählisinde diýen ýaly ýatlanylýar. Bu şäherde birnäçe kerwensaraýlaryň bolandygy bellidir. Olaryň biri şu gezekki toparyň gözlegleri netijsinde ýüze çykaryldy. Häzirki döwürde onuň galyndylaryny arassalamak işleri dowam edýär. Bu bolsa binanyň ýerleşişi aýratynlygyny diňeltmäge, onuň gurlan we ulanylan senelerini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Daňdanakanyň öz ýaşaýşyny bes eden döwründen has soňraky ýyllarda onuň ady unudylyp, oňa Daşrabat diýlipdir. Munuň öz şäheriň galyndylarynyň bitewüligini, umumylygyny alamatlandyrýar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow