Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy
Çap edildi 21.04.2017
2097

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy. Munuň üçin ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumy hem, önümçilik binýady hem bar. Döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň baýramy barada aýdyp, ýurdumyzda behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, at çapyşyklaryny guramak, halkara derejesindäki bäsleşikleri geçirmek boýunça zerur maddy-önümçilik binýadynyň döredilendigini belledi. Ahalteke bedewlerini öwrenmek babatda ylmy işleri has düýpli alyp barmak gerek diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ahalteke atçylyk akademiýasynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy hem-de bu meseläni içgin öwrenmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow