Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa işewürliginiň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa işewürliginiň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 29.06.2015
1191

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly Kun Minnäni hem-de Ýewropanyň meşhur “Cargolux Airlines International S.A.” awiakompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Dirk Raýhy kabul etdi. Myhmanlar köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar hem-de milli Liderimize bagt, berk jan saglyk, uzak ömür we ýurduň ykdysady gülläp ösüşine we halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde täze ajaýyp üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady. Öňdebaryjy daşary ýurt, şol sanda Ýewropa kompaniýalary bilen özara bähbitli işewür aragatnaşyklaryny işjeňlşdirmek şol hyzmatdaşlygyň möhüm ileri tutulýan ugrydyr. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda esasy ugurlary, hususan-da, milli ykdysadyýetiň binýadyny düzýän ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. “Cargolux” awiakompaniýasynyň ýolbaşçysy geljekki hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge bolan uly gyzyklanmasyny beýan etdi. Ýewropanyň howa ulaglary arkaly ýük daşamakdaky meşhur bu kompaniýa Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen yzygiderli üstaşyr gatnawlary ýerine ýetirmäge girişer. Ýewropanyň we Aziýanyň iri şäherlerini birleşdirýän ugurlar boýunça üstaşyr nokady hökmünde bu deňizýaka şäheriniň halkara howa menziliniň saýlanyp alynmagy, ilkinji nobatda, onuň geografiki taýdan amatly ýerleşişi, döwrebap tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de üstaşyr geçirmäge bar bolan ägirt uly mümkinçiligi bilen şertlenendir. Bu bolsa Türkmenbaşy şäherini Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezine öwürmek üçin ähli şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wajyp ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge ygrarlydygyny nygtap, häzir Türkmenistanyň uly möçberli birnäçe wajyp düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýandygyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary üstünlikli amala aşyryp, ulag ulgamynyň kuwwatyny doly peýdalanmak arkaly durmuşa geçirýändigini hem-de sebitiň ýurtlarynyň we umuman, bütin dünýäniň durnuklylygynyň we durnukly ösüşiniň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny belledi. Kun Minne Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň işewür toparlary üçin örän amatly ýagdaý döredilen geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Belgiýanyň meşhur kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen öňdebaryjy tejribelerini we iň täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga hemişe taýýardygyna ynandyrdy. Mälim bolşy ýaly, esasy pudaklary doly döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga tarap ynamly ugur alan Türkmenistan ösüşinde hut innowasion tehnikalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Belgiýadaky hormatly konsuly ýerli ýangyç çig mal ýataklarynda ugurdaş gazy almak we peýdalanmak boýunça taslamalara, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryny ösdürmäge maýa goýmaga gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan eden kompaniýalaryň tekliplerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Döwlet Baştutanymyz we myhmanlar hoşlaşanlarynda, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň uly geljegine hem-de özara bähbitler göz öňünde tutulyp durmuşa geçirilýän ähli meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow