Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
Jemgyýet
BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
Çap edildi 14.04.2017
2082

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasyny we Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek pudak edaralaryna, welýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimliklerine tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, maksatnama temmäkä garşy göreşilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, ömrüň dowamlylygynyň artdyrylmagyna 2025-nji ýyla çenli keselleriň öňüni almakdan we temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmäge gönükdirilendir. Türkmenistan temmäkä garşy göreş boýunça dünýäde öňdäki orny eýelemek bilen, bu babatda beýleki ýurtlara görelde bolýar hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow