Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem halk maslahatlaryna we geňeşlere dalaşgärler hödürlenilýär
Jemgyýet
Möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem halk maslahatlaryna we geňeşlere dalaşgärler hödürlenilýär
Çap edildi 14.04.2017
2056

Türkmenistanda möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy we Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça ýurdumyzyň Demiokratik partiýasyndan we raýatlar toparlaryndan öz wekillerini hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. Halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalaryň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynda Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň welaýat, etrap we şäher guramalaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçiler toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçýär. Ähli okruglarda bir orna birnäçe dalaşgärler hödürlenilýär. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Saýlawlara milli synçylaryň gatnaşmagy onuň açyklygyny we aýanlygyny şertlendirýär. Dalaşgärleri görkezmek çäreleri tamamlanansoň, olar bellige alnar. Soňra dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar, şondan soňra saýlawçylar bilen duşuşyklar geçiriler.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow