Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek Türkmen bedewiniň baýramyna köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar
Jemgyýet
Aşgabatda aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek Türkmen bedewiniň baýramyna köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar
Çap edildi 05.04.2017
2209

Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandy. Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy sergileri, maslahatlary, at çapyşyklary – päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlary, atly ýörişleri, ýetginjek çapuksuwarlaryň bäsleşiklerini öz içine alýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň paýtagtymyzda geçiriljek VII mejlisine hem-de sergi-ýarmarka we “Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty” atly ylmy maslahata dünýäniň onlarça ýurtlaryndan wekiller gatnaşar. Şeýle hem baýramçylyk maksatnamasynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, döredijilik işgärleriniň arasynda sungat eserlerinde bedewiň keşbini janlandyrmak boýunça geçiriläýn bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy girizildi. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda guralar. Olaryň çäklerinde konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, köpçülikleýin gezelençler, şeýle hem ýurdumyzyň atşynaslaryny we seýislerini sarpalamak çäreleri göz öňünde tutulýar. Aprel aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bedewler üçin gurlan Halkara karantin merkeziniň açylyşy meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow