Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar 21-nji maýda möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlanýar
Jemgyýet
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar 21-nji maýda möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlanýar
Çap edildi 25.03.2017
1998

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Merkezi saýlaw toparyň agzalaryndan başga-da, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň merkezi edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýerlerde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleriniň barşy, şol sanda saýlaw okruglaryny, şeýle hem okruglaryň, şäherçeleriň we Geňeşlikleriň saýlaw toparlaryny döretmek boýunça alyp barýan işleri hakyndaky habarlary, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esaslaryny üpjün etmegiň, şeýle hem ilat arasynda degişli düşündiriş işlerini geçirmegi öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlediler.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow