Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklaryna mynasyp boldy
Jemgyýet
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklaryna mynasyp boldy
Çap edildi 21.03.2017
2121

Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmekde, medeni mirasy wagyz etmekde, ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik ýörelgeliriniň ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň 55-si Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy. Döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen Kararda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welaýatlarda, etraplarda we obalarda durmuş-medeni ähmiýetli, döwrebap binalar yzygiderli gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar. Medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmage we dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Sylaglananlaryň arasynda Medeniýet ministrliginiň we onuň düzümleriniň işgärleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we döredijilik toparlarynyň wekilleri, ylmy işgärler, muzeýleriň işgärleri, halyçy gelin-gyzlar, döredijilik ugurly Ýokary okuw mekdepleriň talyplary, mekdepleriň mugallymlary we beýlekiler bar. Her biri 3 500 manat möçberdäki pul baýraklary üçin serişdeler Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan bölünip berildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow