Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň işewürleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 9 ýyllygyny belleýärler
Jemgyýet
Ýurdumyzyň işewürleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 9 ýyllygyny belleýärler
Çap edildi 16.03.2017
1686

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 9 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň guraýan sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda şeýle diýilýär: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, bir maksada gulluk edýän watandaşlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz, baky Bitarap Turkmenistan dünýäniň in durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Bu ösüşlerde, ýetilen belent sepgitlerde ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, telekeçileriň mynasyp paýy bardyr. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde tutýan paýyny artdyrmak döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz adamlar! Mähriban watandaşlar! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredileli bäri, dokuz ýylyň içinde ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribäni, ýokary tehnologiýany we innowasiýany önümçilige ornaşdyrmak arkaly içerki we daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge ýardam bermekde uly işleri alyp barýar. Döwletimizde hususy işewürlik üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan Birleşmäniň agzalarynyň içerki bazary önümler bilen bolelin üpjün etmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde we eksport kuwwatlygyny artdyrmakda uly işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna bu sergini synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmekde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýerli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolmak bilen, aýratyn ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda öz mynasyp ornuny tapyp, hususy pudagyň daşary ýurtlara önüm ibermek mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň daşary ýurtlarda söwda öýlerini, wekilhanalary döretmegi, halkara derejesinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly ýardam berýär. Eziz watandaşlar! Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy bölegini giňeltmekde, telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler geljekde hem dowam etdiriler. Bu günki dabaraly açylýan serginiň we maslahatyň hususy pudagy batly depginler bilen ösdürmekde, gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn. Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 9 ýyllygy mynasybetli guralýan serginiň hem-de maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow