Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda Hazar deňzinde ýüzmegiň howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar
Jemgyýet
Aşgabatda Hazar deňzinde ýüzmegiň howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar
Çap edildi 16.03.2017
1993

Aşgabatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyry geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin bu ýere Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri geldiler. Duşuşygyň barşynda deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň dolandyryjy işgärleriniň hem-de ýolagçylarynyň ömrüni we saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek ýaly ýokarda ady agzalan Teswirnamanyň möhüm wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, gün tertibine deňiz gämileriniň enjamlaşdyrylyşyna, degişli kadalaryň we ölçegleriň ýerine ýetirilişine, gämileri dolandyryjylaryň hünär derejesine bildirilýän talaplara garalmagy girizildi. Şeýle hem taraplar deňizde gözleg we halas ediş işlerini guramak, deňiz menzillerinde gözegçilik etmek, heläkçilikleri derňemek, deňizde ýüzmek üçin howply bolan daşky şertleriň, şol sanda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň, emeli deňiz desgalary bolan ýerasty geçirijileriň dürli görnüşleriniň, buraw desgalarynyň we beýlekileriň ýaramaz täsiriniň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow