Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda geçirilen maslahatda “Simens A.G.” kompaniýasynyň lukmançylyk enjamlary bilen işlemegiň tejribesine garaldy
Jemgyýet
Aşgabatda geçirilen maslahatda “Simens A.G.” kompaniýasynyň lukmançylyk enjamlary bilen işlemegiň tejribesine garaldy
Çap edildi 13.03.2017
2130

Aşgabadyň Halkara newrologiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Simens A.G.” kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu maslahat iki gün dowam eder. Paýtagtymyzda guralan maslahat öz işini degişli bölümçelerde, has takygy paýtagtymyzdaky Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde hem-de iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde dowam etdi. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmagyň hem-de bu ulgamda ylmyň iň täze gazananlary bilen içgin tanyşmagyň ýolundaky möhüm ädim bolup durýar. Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlardaky lukmançylyk merkezleriniň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow