Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň zenanlary konsertleriň, sergileriň, bäsleşikleriň baş gahrymanlary boldular
Jemgyýet
Türkmenistanyň zenanlary konsertleriň, sergileriň, bäsleşikleriň baş gahrymanlary boldular
Çap edildi 07.03.2017
2092

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlaryna ajaýyp sowgat boldy. Mukamlar köşgünde geçirilen şu günki baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň köpsanly aýal-gyzlary çagyryldy. Şol zenanlaryň arasynda zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler, Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemleýji tapgyry geçirilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň we beýleki döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar. Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary, meşhur horeografiýa we folklor toparlary, belli estrada aýdymçylary we halk bagşylary, ýaşajyk artistler mährem zenanlaryň hormatyna öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ajaýyp sahnada gözellik, çäksiz mähremlik, asyllylyk we wepadarlyk, çäksiz söýgi hem-de duýgularyň nepisligi wasp edildi, zenanlaryň keşbi bu düşünjeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasynyň esasy bölegini erkek adamlaryň çykyşlarynyň düzendigini bellemek gerek, olar joşgun hem-de şatlyk bilen bu dörän mümkinçilikden peýdalanyp, öz döredijilik sowgatlaryny mähriban, hoşgylaw we ajaýyp aýal-gyzlara bagyşladylar. Şu günler Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk çykyşlary paýtagtymyzyň seýilgählerinde hem-de ýurdumyzyň iň gowy konsert meýdançalarynda we sahnalarynda geçirilýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow