Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady
Çap edildi 08.03.2017
2453

Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir diýlip aýdylýar. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toy aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadynyň pugtalandyrylmagynda, gazanýan beýik ýeňişlerimizde mähriban gelin-gyzlarymyzyň mynasyp paýy bar. Milletimiziň buýsanjy we mertebesi bolan zenanlar bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, aýratyn hem, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, in kämil we çylşyrymly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik kärhanalarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuş kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandyklaryny belläp, olara durmuş kepillikleri, maşgala abadançylygy, bagtly enelik we çagalyk, zenanlarymyzyň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda döwlet derejesindäki alada edilýändigini, bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň jemgyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýändigini nygtady. Ýurdumyzyň zenanlaryny ajaýyp baýramy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz olara “Goý, halkymyzyň ýürek guwanjy, maşgala daýanjy hem-de mertebesi bolan mähriban enelerimiziň we gelin-gyzlarymyzyň güler ýüzleri elmydama bahar ýaly nurana bolsun!” diýip arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow