Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabadyň Sergi merkezinde Eýran kompaniýalarynyň önümleri görkezildi
Jemgyýet
Aşgabadyň Sergi merkezinde Eýran kompaniýalarynyň önümleri görkezildi
Çap edildi 28.02.2017
1862

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi işläp başlady. Sergide goňşy döwletiň dürli pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň giň görnüşleri görkezilýär. Aşgabatda her ýyl geçirilýän sergi iki ýurduň ykdysady özara gatnaşyklary ösdürmäge, dostlukly aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ýurt bilen dürli pudaklarda köpýyllyk özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesine daýanýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly kuwwat bar. Munuň özi iki dostlukly ýurduň we halkyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen şertlenendir. Şol kuwwatyň köp bölegi, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we üstaşyr mümkinçilikler Türkmenistanyň hem-de Eýranyň işewür toparlarynyň özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegini höweslendirmäge ýardam berýär. Däp boýunça serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagy okaldy. Milli Liderimiz Gutlagynda senagatyň dürli pudaklarynda Eýranyň gazananlaryny görkezýän bu serginiň, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek işewürlik maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Bularyň ählisi iki ýurduň örän uly ylmy we senagat kuwwatyny peýdalanmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň özara bähbitlerine şaýatlyk edýär. Türkmenistan önümçilige iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyryp, halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly üns berýär. Bu bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orny eýelemegi maksat edinýän eýranly işewürlerde hem örän uly gyzyklanma döredýär. Häzirki ýöriteleşdirilen sergä Eýranyň ýeňil hem-de agyr senagat, nebitgaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk, azyk önümlerini öndürmek bilen hem-de beýleki ugurlarda iş alyp barýan iri kompaniýalarynyň 40-a golaýy gatnaşýar. Bölümçelerde Eýranda ak sementi esasy öndüriji bolan “Şarg Sement”, Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada we GDA ýurtlarynda gaz sazlaýjy, gaz paýlaýjy we gaz ölçeýji enjamlaryň köp görnüşlerini öndürýän “Gaz Suzan”, zawodlara tehniki taýdan hyzmat etmek, söwda we maliýeleşdirmek hem-de beýlekiler bilen meşgullanýan “Petro Trade Hormozan” ýaly kompaniýalaryň önümleriniň giň görnüşleri görkezilýär. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda her ýyl arassalaýjy serişdeleriň 400 müňden gowragyny öndürýän “Paksan” kompaniýasy, bir ýylda jaýlaryň üçegini örtmäge hem-de diwar örtüklerine niýetlenen önümleriň 3 million inedördül metrden gowragyny öndürýän “Kabir Panel” kompaniýasy bar. “Niknam” kompaniýasynyň doňdurma taýýarlamak üçin niýetlenen täze enjamy Türkmenistanyň dürli pudaklarynyň we hususy düzümleriniň hünärmenleriniň hem-de sergä gelenleriň ünsüni çekdi. Eýranyň däp bolan medeniýetine—halk senetçiligine, amaly-haşam sungatyna, şol sanda keramika, çeperçilik taýdan bezelen aýna önümlerine, aýnanyň ýüzüne ýazgy ýazylmagyna, agajy oýup ýüzüne ýazgy ýazmaga hem-de haşamlamaga bagyşlanan bölümçeler has-da özüne çekiji boldy. Bu ýerde inçe we nepis işleriň önümleri—milli eýran usulynda täsin görnüşde we ýazgylar bilen bezelen ajaýyp küýzeler, gap-gaçlar, sowgatlyk önümler hem-de eýran halkynyň baý mirasy we özboluşly döredijilik däpleri barada gürrüň berýän beýleki gymmatlyklary görkezildi. 1-nji martda serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty geçiriler. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň, şol sanda ýakyn geljek-de ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň giň toplumy girizildi. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Söwda-senagat edarasyndaky köptaraplaýyn sergi bilen 2-nji marta çenli tanşyp bilerler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow