Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aziada-2017-niň aragatnaşyk hyzmaty teleýaýlymlarda görkezmegiň we internet-aragatnaşygynyň ýokary hilini üpjün eder
Jemgyýet
Aziada-2017-niň aragatnaşyk hyzmaty teleýaýlymlarda görkezmegiň we internet-aragatnaşygynyň ýokary hilini üpjün eder
Çap edildi 28.02.2017
2054

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny bütin dünýäde synlarlar we eşiderler. Türkmenistan şu ýylyň güýzünde boljak uly möçberli sport baýramçylygyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aragatnaşygyň hem-de ýaýlymlarda alyp görkezmegiň ýokary hilini üpjün etjek maglumat-telearagatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça hem örän uly işler alnyp barylýar. Türkmen telewideniýesi tarapyndan «TürkmenÄlem 52ºE» milli hemranyň kömegi bilen sport ýaryşlarynyň göni alnyp görkezilişi guralar. Ykjam aragatnaşygynyň durnukly işlemegi üçin Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde hem-de paýtagtymyzyň beýleki ýerlerinde goşmaça 2G (GSM), 3G (UMTS) ölçeglerindäki binýatlyk beketleriň 90-sy gurnalar. 4G (LTE) ulgamyny giňeltmek boýunça işler depginli alnyp barylýar. Diňe Olimpiýa şäherjiginde şu ölçegdäki binýatlyk beketleriň 40-sy gurnalyp, Aziada-2017-niň myhmanlaryna aragatnaşygyň iň döwrebap hyzmatlaryny, şol sanda ýokary tizlikli internet we ykjam telewideniýäniň hyzmatlaryny hödürlär. Milli “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň operatory tarapyndan bu sport forumyna gatnaşyjy ähli ýurtlaryň ykjam görnüşli operatorlary bilen rouming hyzmatlaryny hödürlemek üçin şertnamalar baglaşyldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow