Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
Ykdysadyýet
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
Çap edildi 07.10.2026
41

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Toparyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar geçen döwürde Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnlerinde suw serişdeleriniň ulanylyşynyň we suw howdanlarynyň işiniň jemlerini jemlediler. Sebitiň ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň sazlaşykly işi we yzygiderli hyzmatdaşlygy netijesinde, oba hojalyk ulgamyny we ekoulgamlary suw bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar nobatdaky döwür üçin suw serişdelerini ulanmagyň möçberlerini hem-de suw howdanlarynyň ylalaşylan iş tertibini tassyklamaga aýratyn üns berdiler. Taraplar hakyky suw akymynyň gözegçiligi, Aralýaka çäklere sanitariýa-ekologiýa suw akymyny üpjün etmek, şeýle hem suw akymynyň tertibini kesgitlemek bilen bagly meselelere seretdiler.

Duşuşygyň çäklerinde ozal kabul edilen we Merkezi Aziýanyň suw hojalyk düzümini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen çözgütleriň durmuşa geçirilişiniň gidişi seljerildi. Mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki döwletara maksatnamalaryň we sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň oňyn depginini bellediler.

Çykyş edenler suw serişdelerini tygşytly we ylmy taýdan esaslandyrylan usulda ulanmak baradaky netijeli sebit dialogyny ilerletmekde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny nygtadylar. Ýurdumyzda damjalaýyn usulda suwarmak ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem kollektor-akaba ulgamlaryny gurmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli döwlet taslamalarynyň suw serişdelerini tygşytlamak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýandygy bellenildi.

Mejlisde serhetýaka derýa akabalarynda döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we suw hasabatyny awtomatlaşdyrmak meselelerine hem aýratyn orun berildi. Çärä gatnaşyjylar «Amyderýa» we «Syrderýa» suw hojalyk birleşikleriniň gidropostlaryny ýokary takyklygy we aýdyňlygy üpjün edýän täze ölçeg enjamlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler.

Toparyň mejlisinde Aral deňziniň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň täsirini ýeňilleşdirmek meselelerine hem garaldy. Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň agzalary deltalara we Aralýaka suw howuzlaryna suw goýbermek boýunça bilelikdäki çäreleri, şeýle hem Aralyň gurap galan düýbündäki çägeleri berkitmek boýunça işleri utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň Ylmy-maglumat merkeziniň we Ýerine ýetiriji sekretariatynyň hasabat döwründäki işine hem seredildi. Suw hojalygy ulgamyny howanyň üýtgemegi we buzlaryň eremegi şertlerine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ylmy barlaglary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Mundan başga-da, 95-nji mejlisiň işiniň dowamynda Toparyň halkara guramalar we maliýe institutlary bilen özara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar Aral deňziniň basseýninde energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çemeleşmelerini ylalaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar suw edaralarynyň hünärmenleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň Merkezi Aziýanyň doganlyk halklarynyň arasyndaky ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýändigini bellediler. Özara gatnaşygyň şeýle görnüşi suw paýlanyşygyna degişli ýüze çykýan ähli meseleler boýunça deňagramly çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär.

Mejlisiň ahyrynda daşary ýurtly wekiller çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow