Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
Hepdäniň wakalary
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
Çap edildi 03.08.2026
27

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara giňişlikde netijeli gepleşikleri alyp barmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen bu syýasat milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji iýulda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri munuň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Gözbaşyny doganlyk halklaryň köpasyrlyk dostlugynyň, medeni ýakynlygynyň we ruhy birliginiň berk binýadyndan alýan Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Azerbaýjan bilen häzirki zaman döwletara gatnaşyklaryny köpýyllyk dostlugyň, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlaryň açyklyk, ynanyşmak ruhundaky gepleşikleri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu ýörelgelere yzygiderli ygrarlydygyny aýdyň görkezýän Garaşsyz Watanymyz täze taryhy şertlerde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli nusgasyny kemala getirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini, şu ýylyň oktýabrynda bolsa ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň guraljakdygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjany sebit dialogyna goşmak baradaky öňdengörüjilikli başlangyjy döwletara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze görnüşini döretmäge itergi berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň bu täze altytaraplaýyn guralynyň halklarymyzy we ýurtlarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga, doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, bilelikdäki mümkinçilikleri ulanmak arkaly hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň gatnaşyjy döwletlere duşuşygyň gün tertibiniň taslamasyny iberendigini, onda esasy bäş ugruň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy. Hususan-da, gün tertibinde möhüm sebit we halkara parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek; daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmakda bilelikdäki çäreler; medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly ugurlar bar.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň şeýle halkara duşuşyklary guramaga hem-de geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny alamatlandyryp, ýurdumyzyň bu formatyň çäklerinde umumy meseleler boýunça ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde geosyýasy deňagramlylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde ykrar edilýär. Ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, 1-nji awgustda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, 24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýändigini, halkara gatnaşyklarda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi. Beýan edilen teklipleriň hormatly Prezidentimiziň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň halkara gatnaşyklardaky esasy ornunyň berkidilmegine, dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz täze Kararnama boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. «Biz geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we mejlise gatnaşyjylary «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine baha berildi. Döwlet Baştutanymyz milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň, ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat toplumlarynyň, oba hojalyk pudagynyň, hususy ulgamyň önümçiligini artdyrmak meselelerini aýratyn belledi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmaga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä guramagy dowam etdirmegiň, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ministriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaça meýdanlarynda ideg etmek we zyýankeşlere garşy göreşmek, bugdaý ekişine taýýarlyk görmek, bugdaý hem-de pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, desgalarda gurluşyk işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi, şeýle hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul edendigini bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri bilen duşuşygynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygy nygtaldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara gün tertibiniň möhüm bölegi bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy hem-de ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky hereketler yzygiderli işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň wajyp ornuny bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygynyň dowamynda bu iri maliýe düzüminiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan daşary syýasat ugrunda abraýly halkara guramalar, hususan-da, maliýe we bank ulgamynda işleýän düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz hanym Odil Reno-Bassonyň Aşgabada saparynyň dowamynda Türkmenistanyň bank, maliýe, energetika, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ulag-logistika ugurlary boýunça gepleşikleriň geçiriljekdigini aýdyp, bu gepleşikleriň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

29-njy iýulda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç haty kabul edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi milli parlamentiň düzümi, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

31-nji iýulda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — demokratiýanyň we agzybirligiň kämil nusgasy» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran maslahatynyň maksady Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek baradaky gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka hasaplanýan giň wekilçilikli foruma taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty demokratiýanyň milli nusgasy bolup hyzmat edýändigini aýdyň görkezdi. Raýat jemgyýetiniň netijeli düzümleriniň birine öwrülen Halk Maslahaty täze taryhy döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birligini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlaryň bitewüligini äşgär edýän esasy jemgyýetçilik-syýasy edara hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Bellenilişi ýaly, 23-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet Garaşsyzlygynyň, agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň dabaralanmasy bolup, ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýetli waka öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ählihalk forumyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen geçiren duşuşygyny geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Milli Liderimiz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary, bedewlere erk etmekde nusgalyk göreldesi, öwüt-ündewleri ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýaşlar baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwletimizde ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz halkara çärelerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň täze oýunlary we çylşyrymly tilsimleri bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny arzuw etdi.

Toparyň agzalary döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödäp, öňde boljak halkara bäsleşiklerde täze ýeňişleri gazanyp, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde, halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň çäginde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolandygyny bellemek gerek. Guraljak çäre, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemek, milli bezeg işleri bilen baglanyşykly meselelere, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalarynyň ýerli atşynaslar, bu ugur boýunça ylmy işleri alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklarynyň guralmagyna aýratyn üns berildi. Meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlaryň bezegleri, dürli ýazgylar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler. Munuň özi ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen toparlarynyň çykyşlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň beýanydyr.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň anyk maksatlaryna ýetmekde alnyp barylýan strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Watanymyzyň gülläp ösmegine we umumy abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Soňky habarlar
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
top-arrow