Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen sungaty dabaralanýar
Medeniýet
Türkmen sungaty dabaralanýar
Çap edildi 22.07.2026
2462

Ýurdumyzyň sungat ussatlary şu ýylyň 16 – 18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara dostluk günleriniň çäginde guralan «Beýik Ýüpek ýoluna «Arirang» arkaly medeni syýahat» atly çärä gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendiren bu waka ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi hem-de dünýä çykmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä çykarmak ugrunda edýän tagallalarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde halkara medeni gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Bu bolsa türkmen halkynyň dünýä nusgalyk sungatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň dünýä çykmagyna giň ýol açýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy B.Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň artisti, aýdymçy A.Jumaýew Koreýa Respublikasynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat» atly çärede üstünlikli çykyş edip, halkara festiwalynyň ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldular.

Dostlukly ýurtda geçirilen halkara medeni çäresinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gazanan döredijilik üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleriniň kämil eserleri döretmekleri we olaryň halkara derejesinde guralýan bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmaklary ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Halkara derejesinde geçirilen döredijilik çäresinde üstünlik gazanan ildeşlerimiz ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik maksatlary wasp etmek hem-de halkara bäsleşiklerine gatnaşmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin milli medeniýetiň we sungatyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow