Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
Medeniýet
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
Çap edildi 18.07.2026
1374

Şu gün Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalarynyň birine öwrülen halkara medeni çäre iki ýurduň muzeý işgärleriniň özara tejribe alyşmaklary arkaly başlandy.

Ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde geçirilen çärede iki ýurduň muzeý işgärleri özara tejribe alyşdylar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegine giň ýol açýandygy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilendir.

Bu ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar iki ýurduň we halklaryň has-da ýakynlaşmagyna hem-de birek-biregiň däp-dessurlary, hojalyk gatnaşyklary bilen tanyşmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Aýratyn-da, Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň ýapylyşy mynasybetli guralan konsert şatlyk-şowhuna baý boldy.

Konserte gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan medeni çäreleri ösdürmegiň ägirt uly geljegi bar. Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen duşuşyklar we häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça guralan pikir alyşmalar halkara çäresiniň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylýan beýik maksatlar, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi öz beýanyny tapdy.

Aýdym-sazlaryň, folklor toparlarynyň çykyşlary özara sazlaşygy emele getirip, tomaşaçylara şatlyk paýlady. Aýratyn-da, türkmen estradaçylarynyň gruzin aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri bu ýerde guralan dabaranyň derejesini we ähmiýetini has-da belende göterdi. Joşgunly aýdym-sazlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we iki ýurduň gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň senasy bolup ýaňlandy.

Türkmen artistleriniň, estrada ýyldyzlarynyň we tans hem-de folklor toparlarynyň sazlaşykly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Konsertiň ahyrynda aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy dostluk konsertiniň täsirli pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi.

Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen we dostlukly ýurtda uly dabaralara, şatlykly pursatlara baý bolan ýurdumyzyň Gruziýadaky Medeniýet günleri tamamlandy.

Soňky habarlar
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
top-arrow