Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy
Medeniýet
Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy
Çap edildi 01.07.2026
1809

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Ol şu ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk çärelerine bagyşlandy.

Brifingde çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan özboluşly mirasymyzy wagyz etmekde täze sahypany açdy. Şu ýylda meýilleşdirilýän halkara çäreler medeni we sport diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli herekete getirmek bilen, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy berkitmegi ugur edinýär.

Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň giň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagyny, ahalteke atlarynyň netijeli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli çäreler görülýär. Bellenilişi ýaly, çäreleriň çäklerinde milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň häzirki ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň many-mazmunyny wagyz etmek, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýäde tanatmak ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow