Baş sahypa
\
Sport
\
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy
Sport
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy
Çap edildi 25.05.2026
1892

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň şygaryny nazara alyp gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen atly ýigitleriniň ýurdumyzda we daşary döwletlerde atçylyk hem-de atçylyk sporty boýunça guralýan halkara çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär. Bütindünýä etnosport konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň giň möçberli halkara festiwala gatnaşmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Mälim bolşy ýaly, bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Bu bolsa meşhur toparyň we ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň abraýyny artdyrýar.

Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar öz halklarynyň däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda “Galkynyş” toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Olar ahalteke bedewlerine we halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan toparyň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edip, şowhunly el çarpyşmalar bilen ýokary baha berdiler.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde atçylyk sportunyň dürli görnüşleri işjeň ösdürilýär. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

Halkara festiwalda Ýaponiýanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Ispaniýanyň, Litwanyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Özbegistanyň, Meksikanyň, Bangladeşiň, Gruziýanyň, Liwanyň, Tanzaniýanyň we başga-da birnäçe döwletiň toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Medeni-köpçülikleýin çäreler, halk tanslary, aýdym-sazlar, sahna oýunlary bilen utgaşykly dowam eden festiwalda türkmen atly ýigitleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy.

Bu festiwal halklaryň özara ýakynlaşmagynda, milli däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmeginde, taryhy ähmiýeti bolan gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmekde özara tejribe alyşmak üçin ähmiýetli meýdança hasaplanýar. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgam boýunça ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine giň ýol açýar.

Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. Öz ýeňişleri bilen ahalteke bedewleriniň abraýyny belende göterýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem möhüm orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy onuň at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň we toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Dünýäde uly şöhrat gazanan topara gowşurylan baýraklar onuň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň hem ykrarnamasydyr.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow