Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda täze sepgitlere tarap
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda täze sepgitlere tarap
Çap edildi 19.05.2026
29

Geçen hepde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyny, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünlikli häsiýete eýedigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy. Şol strategiýa Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, milli mirasymyzy aýawly saklap, oňa uly sarpa goýýan halkymyzyň öňe tarap ynamly gadam urup, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda täze üstünlikleri gazanmagyna gönükdirilendir.

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegine, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegine, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleriniň irki ýetişen hasylyny ýygnap almaga we ilata ýetirmäge, pile, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmäge aýratyn üns berildi.

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Taraplar şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygyny bellediler. Şol döwürde “PETRONAS” kompaniýasy Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdy we ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp bardy. Malaýziýanyň wekilleri «PETRONAS» kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdylar.

Iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen geçiren duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-14-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň resmi wekilleri bilen möhüm syýasy ähmiýete eýe bolan duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Olaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy gün tertibiniň meseleleri, ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ugurlary, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz iki döwletiň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşykda, doganlyk halklarymyzy çuňňur taryhy kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygy hem-de özara hormata esaslanýandygy, yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýändigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar, nebitgaz, senagat hem-de ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlyga üns berildi. Milli Liderimiz bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny belläp, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

14-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy. Ýokary derejeli mejlise gatnaşyjylaryň öňünde ilkinji bolup çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna hem-de rus tarapyna “KazanForum — 2026” halkara çärelerine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda yslam dünýäsiniň döwletleriniň arasynda alnyp barylýan medeni hyzmatdaşlyga ylmy taýdan esaslandyrylan giňişleýin häsiýetnama berip, Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) çäklerinde yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Bu ugurda edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemek maksadalaýyk hasaplanýar. «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjyň maksady dünýä jemgyýetçiligini yslam şygryýetiniň hem-de filosofik mirasynyň iň gowy eserleri bilen giňden tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Ilkinji ädim hökmünde «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek teklip edildi. Yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň üstünlikli tejribesine daýanyp, bu ugurda tejribeleri, bilimleri we meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmagy teklip etdi.

Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) mejlisinde Türkmenistana bu gurama synçy derejesini bermek baradaky kabul edilen çözgüt, şeýle hem guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Maligiň Aşgabat şäherini 2028-nji ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek boýunça işlere başlanýandygy barada aýtmagy saparyň möhüm pursatlarynyň biri boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bilelikde atçylyk pudagyny ösdürmegiň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmak üçin Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Ýokary derejeli myhman hem-de Tatarystanyň Baştutany oba hojalyk önümleriniň giň gerimli sergisi bilen tanyşdylar, at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Bu ýaryşlarda türkmen seýisleriniň gatnaşmagynda tatar tohumly bedewleriň çykyş etmegi milli atçylyk mekdebimiziň dünýä derejesindäki abraýyny ýene-de bir gezek tassyklady.

“KazanForum — 2026” forumynyň çäklerinde Kazan şäherinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO” sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşdy. Ýurdumyzyň sergi ekspozisiýasy nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, azyk we dokma pudaklarynda gazanylan üstünlikleri, elektron senagatyň önümçiliginde, gurluşyk materiallarynyň öndürilişinde ýetilen sepgitleri, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri görkezdi. Myhmanlar “Musulman dünýäsiniň zenanlarynyň milli geýimleriniň modasy” atly festiwalyň çäklerinde türkmen milli egin-eşikleriniň köpöwüşginli aýratynlyklaryna baha bermek mümkinçiligine eýe boldular.

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda Watanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri bar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär. Döwlet Baştutanynyň garamagyna milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak, neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak, oba hojalyk pudagynyň işini ösdürmek, galla oragy möwsüminde tehniki hyzmatyň bökdençsiz üpjün edilmegini ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabaralaryny, Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek, 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary astynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagy baradaky teklipleri goldady.

Gahryman Arkadagymyzyň 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleri, şeýle hem 22-nji maýda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri mejlisiň aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek hakynda degişli Karara gol çekdi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda saparda boldy.

Gahryman Arkadagymyz Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy. Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň “Çanakkala” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde Milli Liderimiz bilen bolan duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady we şol duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary bu günki gün has-da ýygjamlaşdyrýandygyny aýtdy. Birleşen Patyşalygyň Patyşasy şu gezekki çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini belläp, munuň taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward we onuň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen duşuşdy. Olar türkmen bedewlerine bolan buýsançlaryny mälim etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza dünýäde atçylygy ösdürmäge we goldamaga goşýan goşandy üçin hoşallyk bildirdiler.

Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen hem gürrüňdeş boldy. Taraplar mümkinçilikleri çäkli çagalarda bejeriş işlerini geçirmekde ippoterapiýanyň ähmiýetini, bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsirini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Saparyň çäklerinde Milli Liderimiz Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi, behişdi bedewleriň gözelligini wasp edýän sergini synlady, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” ady bilen geçirilen III halkara bäsleşik geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bu bäsleşige 9 ýurduň — Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden 40-dan gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Şeýle hem oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden seçilip alnan zehinli ýaşlaryň 117-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu gözden geçiriliş diňe bir ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, şu pudakda işjeň orny eýeleýän telekeçilik düzümleriniň ägirt uly kuwwatyny hem aýdyň görkezdi. Serginiň çäklerinde dürli tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Olarda taraplar innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek barada pikir alyşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we «Mahabat» müdirliginiň surata düşüren filmleri degişli baýraklara mynasyp boldy. Hususan-da, Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» atly çeper filmi «Iň gowy çeper film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Mekan Gurbanalyýewiň «Mähir terbiýesi» atly gysga göwrümli filmi «Iň gowy gysga göwrümli film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Röwşen Welmiýewiň «Meniň oýnum» atly multfilmi eminler toparynyň ýörite baýragy bolan «Gyzyl alma» baýragyna mynasyp görüldi.

Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň gün tertibine döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmak, halkara demir ýollar torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmek meseleleri girizildi. Halkara mejlisiň çäklerinde ikinji “Ýaş demirýolçular” forumy geçirilip, onuň dowamynda ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleler wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň alymlary we professor-mugallymlary bilen birlikde, sanly ulgam arkaly Gazagystandan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Özbegistandan wekiller gatnaşdylar.

Paýtagtymyzdaky «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, “Aziýanyň çempiony” we “Dünýäniň çempiony” diýen hormatly atlara, beýleki baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna bagyşlanan dabara guraldy. Şol bir wagtda, Daşkent şäherindäki “Aşgabat” seýilgähinde-de baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Iki dostlukly döwletiň paýtagt seýilgählerinde geçirilen medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlylyk, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak şol strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Soňky habarlar
19.05
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda täze sepgitlere tarap
19.05
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
18.05
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
18.05
Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
18.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy
18.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
18.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
16.05
Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy
15.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow