Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
Medeniýet
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
Çap edildi 03.05.2026
1237

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Şunda parahatçylygyň, dostlugyň, özara ynanyşmagyň möhüm guraly hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Bu gurama tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumytürki gymmatlyklaryň dünýä derejesinde dabaralandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleriniň TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda guralýan festiwallara, sergilere, konsertlere işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň guralmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda nobatdaky ädimdir. Bu çäre türki halklaryň arasyndaky taryhy we ruhy bitewüligi has-da berkitmek bilen, Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm merkezine öwrülýändigini görkezýär.

Konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Türkmenistan — bagy-bossan» atly aýdym bilen açyldy. Onda berkarar döwletimiziň gözel keşbi, owadan tebigaty, halkymyzyň abadan durmuşy çeper beýan edilýär. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Konsertiň dowamynda dünýäniň we türki dünýäniň nusgawy opera sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Sahna ussatlary, belli dirižýorlar tarapyndan türkmen, özbek, gyrgyz, azerbaýjan, gazak we türk dillerindäki milli operalardan bölekler, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen «Romeo we Julýetta», «Paýasy», «Ykbalyň güýji», «Trubadur», «Karmen», «Faust», «Andre Şenýe», «Granada» ýaly italýan, fransuz, nemes, ispan dillerindäki meşhur ariýalardyr aýdymlar ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirildi. Çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsertiň baý maksatnamasy Türkmenistanyň alyp barýan medeni diplomatiýasyny has-da dabaralandyryp, sungatyň halklary birleşdirýän köpri hökmünde ähmiýetini ýene-de bir gezek subut etdi. Şeýle hem bu çäre türki dilli halklaryň umumy köklerine bolan sarpasynyň, dünýäniň nusgawy mirasyna goýulýan belent hormatyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Funikuli funikula» atly meşhur eseri bilen jemlendi. Bu eser parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň senasy bolup ýaňlandy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu çäräni geçirmek babatda döreden giň mümkinçilikleri hem-de beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
top-arrow