Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr
Çap edildi 09.02.2017
3359

Türkmenistanyň Prezidenti sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar we at üstünde gezim etmegi ileri tutýar. Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz üsti ýapyk manežde Baýram han diýen bedewinde gezim etdi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň ilkinji günlerinde bu toplumda taýçanak dünýä indi, hormatly Prezidentimiz oňa Ruhubelent diýip at dakdy. Bu gün taýçanaga bir aý boldy, ol özüni oňat duýýar we athananyň içinde şadyýan bökjekleýär. Döwlet Baştutanymyz türkmenleriň gadymy dessuryna eýerip, taýçanagyň boýnuna alaja dakdy we Ruhubelent atly taýçanagyň hem türkmen atçylyk sportunda, milli atçylykda mynasyp orun eýelejekdigine hem-de özüniň meşhur tohumynyň ýoluny dowam etdirmäge, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlygymyz bolup durýar. Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň tebigy gözelleri hem-de syrdamlylygy, wepalylygy bilen asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ahalteke bedewleri halkara sirk festiwallarynda we atçylyk sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça atçylyk sporty – konkur Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow