Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň syýasatynyň ählumumy ähmiýetini ykrar etdi
Teswirlemeler
Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň syýasatynyň ählumumy ähmiýetini ykrar etdi
Çap edildi 08.02.2017
3229

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy waka - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenmesinde ady agzalan resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetiniň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny belledi. Bu resminamada ýurdumyzyň geçen iki on ýyllygyň dowamynda bu ugurda toplanan tejribesiniň möhümdigi görkezilýär. Şol ýyllaryň içinde türkmen Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak üçin netijeli gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde geljege gönükdirilendigini äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu Kararnamany doly goldandyklary üçin, awtordaş bolup çykyş eden ýurtlara hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlygyny mälim etdi. Biz Türkmenistanda bitaraplygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris, onuň özboluşly hukuk ýagdaýyna buýsanýarys, Bitaraplyk – biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerip gelýändigini, Bitaraplyk, parahatçylygy söýmek we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň öz daşary syýasatynyň binýatlyk esasy bolandygyny we bolup galýandygyny hemişe iş ýüzünde subut edýändigini aýtdy. Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, energetika howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarymyz hem-de tekliplerimiz bütin dünýäde giň goldaw tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi onuň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde köptaraply diplomatiýasynyň netijeliliginiň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, döwletimiziň geljekde hem ak göwünlilik, dostluk we halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürmek syýasatyny gyşarnyksyz alyp barjakdygyna berk ynanýandygyny, bu syýasatyň diňe bir milli däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlaryna hem laýyk gelýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz urdumyzyň halkyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk güni baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, halkara giňişliginde öz abraýyny yzygiderli berkidýän we artdyrýan söýgüli Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alnyp barylýan işlerde uly üstünlikler arzuw etdi. Bu baýramçylygy esaslandyrmak hakynda başlangyjyň 2015-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan beýan edilendigini bellemek gerek. Şol gün ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläpdi. Aşgabatda geçirilen maslahata gatnaşyjylar onuň jemleýji resminamasynda berkidilen teklibi biragyzdan goldadylar. Olaryň hatarynda belent mertebeli myhmanlar hem bardy. Şonuň üçin hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara Bitaraplyk gününiň 12-nji dekabrda bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene eziz Watanymyzyň taryhynda aýratyn gün bolup durýar. Çünki şol seneden başlap, Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşinde täze döwür başlandy. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýörite Kararnamany--ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesini tassyklan, dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminamany kabul etdi. Wagtyň görkezişi ýaly, Bitaraplyk derejesini kabul etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy Milletler Bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli çözgüt boldy. Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamany biragyzdan kabul etmegi hem Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň dogrulygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu resminamada ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine uly goldawyň berilýändigi, sebitde we dünýäde ähmiýetli ornunyň ykrar edilýändigi beýan edilýär. Parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň işine goşulmazlyk, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýöredilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, islendik ýurduň daşary syýasy strategiýasy onuň içeri syýasatyndan aýrylmazdyr. Biziň döwletimiz jemgyýetde, içerki durmuşynda ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, agzybirlik we sabyrlylyk ýörelgelerini yglan edip, bu düşünjeleri dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklarynda hem ileri tutýar. Sözüň doly manysynda türkmen Bitaraplygy içerki döwlet gurluşynyň mäkäm ahlak binýadyna daýanyp, onuň logiki dowamy hem-de halkymyzyň özboluşlylygynyň iň gowy aýratynlyklarynyň beýany bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty milletiň belent ynsanperwer maksatlaryna we parasatly däplerine, baý taryhy tejribesine esaslanmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna doly laýyk gelýär. Bu gün ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberindäki ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna, syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa häsiýetli möhüm meseleler çözülende döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegini höweslendirmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň ýüze çykarýar. Şonuň bilen birlikde, ol Birleşen Milletler Guramasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu gurama bilen köptaraply ysnyşykly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutulýan strategiki ugry bolup durýar. Döwletimiz BMG-niň jogapkär, uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýandygyny, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezip, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Şu babatda Bitarap Türkmenistan tarapyndan parahatçylyk döredijilikli uly tejribe toplanyldy. Munuň şeýledigine, hususan-da, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Täjigistanyň we Owganystanyň içerki dawalaryny syýasy taýdan çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi şaýatlyk edýär. Häzir hem bu tejribe sebitde örän zerurdyr we ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly çözmek, ýaragsyzlanmagyň sebitdäki işlerine ýardam bermek, suw-energetika meseleleriniň sazlaşykly çözülmegi, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, döwrüň howply wehimlerine garşy hereket etmek ýaly wajyp meselelerde BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolmaga taýýardygyny tekrarlaýar. Şu wezipeleriň çözülmeginde 2007-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine ähmiýetli orun berilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen bu iri düzümiň merkezi edarasy hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy sebitiň ähli döwletleri tarapyndan goldanyldy. Şeýlelikde, sebit we dünýä möçberli ykrar edilen parahatçylyk döredijilik merkezleriniň biri hökmünde Watanymyzyň abraýy nobatdaky gezek tassyklanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga däl, eýsem, dürli ulgamlarda—söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem netijeli gural hökmünde Bitaraplygyň hukuk derejesiniň uly mümkinçiligi aýdyň görünýär. Türkmenistan Bitaraplyk derejesinden ugur alyp hem-de “açyk gapylar” syýasatyny alyp baryp, beýleki döwletler – goňşy hem-de Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen özara hereketlerini işjeň artdyrýar. Nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, soňky ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe iri turbageçiriji taslamalaryny üstünlikli amala aşyrdy. Ýene-de bir möhüm energetika taslamasynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän energetika howpsuzlygynyň ählumumy gurluşyny kemala getirmäge anyk goşant bolmaga, sebitiň ykdysady ösüşine depgin bermäge, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar edilmegine, durmuş meseleleriniň çözülmegine ýardam etmäge gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy durmuşa geçirilip başlandy. Bu gün halkara üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek hakynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan başlangyçlar hem aýratyn möhüm häsiýete eýedir. Häzirki zaman şertlerinde ýaýbaňlandyrylan degişli multimodal düzümleriň bolmagy durnukly ösüşiň hem-de rowaçlygyň, sebit we dünýä möçberinde oňyn işleri höweslendirmegiň aýrylmaz bölegidir hem-de ýurdumyz bu ulgamda öňde duran wezipeleriň çözülmegine mynasyp goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan başy başlanýan bilelikdäki halkara taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy köp babatda onuň hut Bitaraplygy bilen şertlenendigini ýene-de bir gezek belläp geçmek ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz ykdysady hyzmatdaşlygy hiç haçan syýasatlaşdyrmandy we syýasatlaşdyrmaýar. Muňa daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan oňat düşünilýär hem-de ýokary baha berilýär. Bu bolsa dürli döwletler we kompaniýalar bilen deňhukukly, özara bähbitli aragatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bitaraplyk Türkmenistana onuň halkara-hukuk derejesinden gelip çykýan takyk we aýdyň ýörelgelere daýanyp, uzakmöhletli daşary-ykdysady strategiýasyny kemala getirmäge ajaýyp şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatynda belleýşi ýaly, Bitaraplygyň özboluşly ýagdaýy has-da ösdürilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylmy-nazary esaslary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn işleri geçirmegiň hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini halkara durmuşynda iş ýüzünde peýdalanmagyň zerurdygy barada aýtdy. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hukugynda we halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk meselelerini öwrenmek boýunça Halkara merkezini döretmek hakynda meselä garamak barada türkmen tarapynyň teklibini öňe sürdi. Şonda döwlet Baştutanymyz BMG-niň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyny beýan etdi. Bu başlangyç bolsa bu gün durmuşa geçirildi. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyz, tutuş agzybir we jebis türkmen halkymyz mundan beýläk 12-nji dekabryň bütin dünýäde giňden belleniljekdigine buýsanmaga haklydyr. Bu sene parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk we hoşniýetli erk ýörelgeleriniň, deňsiz-taýsyz umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüler. Şeýlelik bilen, türkmen Bitaraplygy şu günüň hakykatydyr, ýurdumyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň ygtybarly kepilidir. Şonuň üçin hem Bitaraplyk syýasaty, gysgaça aýdylanda, Türkmenistanyň mysalynda ol häzirki döwürde möhümdigini we zerurdygyny aýdyň tassyklap, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hemmetaraplaýyn rowaç ösüşler, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze geljegi hem-de mümkinçilikleri açýar.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow