Baş sahypa
\
Sport
\
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
Sport
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
Çap edildi 08.02.2026
35

Paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň gözelleşmeginde möhüm orna mynasyp bolan Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak barada Gahryman Arkadagymyza haýyş bilen ýüz tutdular. Gahryman Arkadagymyzyň olaryň haýyşlaryny kanagatlandyrmagy bilen, milli sportuň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşmagy esasy ýörelge edinen ýetginjekler Olimpiýa şäherçesinde boldular. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde geçirildi.

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli sport ulgamynda hem ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň merkezine öwrüldi. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary bu ýerde bolup, şäherçäniň sport binalary bilen tanyşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtadylar we döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Bagtyýar zamanada eşretli durmuşyň hözirini görýän Arkadagyň nesilleri — geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterjek ýaşlar bu ýerde bolup, ýokary netijeli sportuň geçirilýän merkeziniň mümkinçilikleri bilen tanyşmaklygy ýüreklerinde beslän arzuwlarynyň amala aşmagy hökmünde kabul edendiklerini aýratyn bellediler. Olar, ilki bilen, Olimpiýa şäherçesiniň muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow ýaşlary Aşgabat Aziadasynyň oýunlarynyň 21 görnüşi bilen ýakyndan tanyşdyrdy.

Bu ýerde V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlarynyň esasy nyşany bolan alabaýyň şekiline üns berildi. Bellenilişi ýaly, alabaýyň şekili Aziada oýunlarynda türkmen türgenlerini uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Bu gezekki ýaryşda hem alabaýyň şekiliniň halkara futbol duşuşygynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagynyň ähmiýeti barada aýdyldy.

Şeýle hem bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika, taekwondo, tans sporty, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly 21 görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde bolup, häzirki döwürde dünýä derejesinde üstünlikli çykyş edýän «Arkadag» futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli duşuşygynyň geçiriljek ýeriniň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy, şeýle hem ýetginjek türgenleriň arzuwlaryny hasyl etmegi hem-de bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmek, türgenleşikleri guramak ugrunda döredilen şertler bilen tanyşmaklary olary belent sport ýeňişlerine, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Olar bu ýere gelip görmegiň özleriniň baş arzuwy bolandygyny nygtap, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäsleşikleriniň we esasy dabaralarynyň geçirilen ýerlerinde bolmagyň özleri üçin uly hormatdygyny buýsanç bilen bellediler.

Soňra ýetginjek türgenler öňde boljak halkara futbol duşuşygyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde geçirýän türgenleşiklerini synladylar.

Aziýa sebitinde iň uly stadion hökmünde ykrar edilen 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda ýetginjek türgenler dünýäde uly meşhurlyk gazanan we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşýan ussat futbolçylaryň türgenleşiklerine syn etdiler. Bu görnüşler olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterjek ýaşlaryň milli sporta bolan buýsanjyny artdyrdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi halkara giňişlikde ýurdumyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä derejesindäki sport abraýynyň has-da belende göterilmegini üpjün edýär.

Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edildi. Sport toplumynyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen binalarynda «Aziada — 2017»-niň oýunlary ýaýbaňlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli iri yklym ýaryşlarynyň alawynyň hut şu ýerde ýakylandygy we ýaryşlaryň jaňynyň kakylandygy, sport giňişligine batyrgaý aralaşýan ýetginjek türgenleriň — Arkadagyň nesilleriniň bolsa şol taryhy ähmiýeti bolan wakalaryň geçirilen merkezinde bolmaklary olary sport äleminde ýokary derejelere ýetmäge ruhlandyrdy.

Ýetginjek futbolçylar «Arkadag» futbol toparynyň türgenleşiklerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Munuň özi ýaş futbolçylar üçin ýatdan çykmajak wakalary özünde jemleýän pursatlara öwrüldi.

«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary bu ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary hem-de «Arkadag» futbol toparynyň ýaş wekilleri bilen gürrüňdeş boldular. Şeýle hem bu ýerde türkmen sportunyň taryhynda uly şöhrat gazanan toparyň oýunçylary körpe nesillere şanly wakalardan ýadygärlik hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary gowşurdylar. Ýetginjek türgenler ussat futbolçylardan sowgat almagyň özleri üçin uly şatlykdygyny nygtadylar hem-de sowgat berlen futbol topuny we süýjülikleri ýüzlerine sylyp kabul etdiler. Munuň özi türkmen futbolçylarynyň täze nesliniň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň milli sport ulgamyndaky giň möçberli tagallalarynyň rowaçlyklara beslenýändigini bellemek gerek. Şunda ýurdumyzda sportuň Olimpiýa görnüşlerini, şeýle hem türkmen futbolyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we Olimpiýa ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, Olimpiýa şäherçesiniň ähli binalarynyň we Olimpiýa stadionynyň futbol meýdançasynyň taýýarlyk derejesi ýokary halkara görkezijilere hem-de häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa döwrebap stadionda halkara bäsleşikleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde we halkara ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan türgenleşikleri talabalaýyk guramakda ähmiýetlidir.

Ýurdumyzda sport ulgamyna degişli ähli desgalaryň, şol sanda Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň, Olimpiýa stadionynyň meýdançasynyň ykrar edilen talaplara laýyk derejede saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Bu bolsa türkmen sportunyň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegine giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, olarda sport meýdançalarynyň we stadionlaryň göz öňünde tutulmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. Köpugurly sport toplumlary we türgenleşik merkezleri jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde wajyp hasaplanylýar.

Stadionlaryň we häzirki zaman sport toplumlarynyň gurluş aýratynlyklary şäheriň ugurdaş desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna we ruhuna kybap derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşandygy üçin ýetginjek türgenler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem çaga kalplaryndan syzdyryp, olar sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny, yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
07.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy
06.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
05.02
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
04.02
2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
04.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy
top-arrow