Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Çap edildi 27.01.2026
37

Geçen hepdäniň wakalary döredijilikli ýol bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň durnukly ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny ýerine ýetirmek, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, geljek möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak, ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmek ýaly meselelere aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin pudagy ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Aýratyn-da, pagta we bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna üns çekildi.

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň hünär taýýarlygyny we bilimini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny göz öňünde tutup, bu baýrama hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada resminamalara gol çekdi.

21-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanyň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde azyk howpsuzlygy boýunça gatnaşjak sebitleýin maslahatynyň bu meseleler boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boljakdygyny belledi. Häzirki wagtda FAO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle hem “Ýaşyl” howa gaznasynyň çäklerindäki başlangyçlar, “Bitewi saglyk” konsepsiýasy babatda çemeleşmeler ilerledilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek meseleleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi. Onda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Şu ýyl üçin öňde goýlan esasy wezipeler hökmünde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleler görkezildi. Geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek ýaly meseleler bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hökümet mejlisiniň dowamynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” şygary bilen geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýony “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşar. Mundan başga-da, fewral aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi. Şeýle hem mart aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriň «Ýol kartasyny» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak, emeli aňy ösdürmek boýunça milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýän işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen geçiren duşuşygynda hem ABŞ bilen özara hormat goýmaga, düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary halkara ölçeglere, harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýän bu toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy toplumyň dolandyryş binasyna, esgerler ýatakhanasyna, naharhanasyna hem-de harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby düzümlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar, uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynda ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşy hem-de onuň üstünden harby tehnikalaryň geçişi görkezildi.

Harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy we Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de barha berkidiljekdigini aýtdy.

24-nji ýanwarda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, çagalaryň durmuşa goşulyşmagy ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Duşuşygyň dowamynda taraplar ynsanperwer meseleleriň giň toplumy boýunça ýakyn dialogy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden ynanç haty kabul edildi. Diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alşyldy.

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum geçirildi. Foruma gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi BMG-niň howandarlygynda netijeli sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň hem-de beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar.

Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn garamak forumyň esasy maksady boldy. Sebit arabaglanyşygynyň, hususan-da, energetika, ulag, söwda ýaly esasy ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sanly geçiş, innowasion ösüş meselelerine aýratyn orun berildi. Mejlise gatnaşyjylar gümrük, söwda amallaryna BMG-niň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Foruma gatnaşyjylar türkmen tarapynyň öňe süren, serhetüsti başlangyçlary maliýe taýdan goldamak boýunça köptaraplaýyn gaznany döretmek baradaky teklibini goldadylar. Bu gazna “ýaşyl” ykdysadyýet, energetika, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişdeleri üpjün etmäge ýardam berer. Bellenilişi ýaly, uzak möhletleýin strategik maksatnamalara geçmek Merkezi Aziýany we Kawkaz sebitini gülläp ösýän, ählumumy durnukly ösüşe saldamly goşant goşýan sebite öwürmäge mümkinçilik berer.

Geçen hepdäniň dowamynda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň, bu işe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümlerini işjeň çekmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda adamyň, oba hojalyk mallarynyň we daşky gurşawyň arabaglanyşygyny ykrar edýän “Bitewi saglyk” maksatnamasyna üns çekildi. Onuň milli strategiýalara ornaşdyrylmagy daşky täsirlere garşy durmaga ukyply, howpsuz azyk önümçilik ulgamlaryny döretmäge ýardam berýär. Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralary bilen FAO-nyň arasynda howanyň üýtgemeginiň çäklerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Ahalteke bedewlerimiziň we ussat çapyksuwarlarymyzyň, şeýle-de medeni mirasymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ynamly öňe barýan ýurdumyzyň täze üstünlikleriniň üstüni ýetirdi. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 16 — 25-nji ýanwar aralygynda geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde guralan dabaranyň dowamynda bu çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylaryna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagy, onuň dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmagy, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny maksat edinýän giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.

Soňky habarlar
27.01
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.01
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
24.01
Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
24.01
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
top-arrow