Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen
Çap edildi 18.01.2026
47

Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigitlerini taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk tehnikalaryny indiki möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň wajypdygyny belledi. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmek, bugdaý meýdanlaryna ideg etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda degişli işleri alyp barmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda pagta, bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleriniň talabalaýyk geçirilmelidigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegine aýratyn üns bermek, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Geçen hepdede ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerine köp sanly döwrebap, ýöriteleşdirilen awtoulaglar we tehnikalar gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda zeý suwuny sorujy we ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar, süpüriji-ýuwujy, gapdalyndan zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, agaç owradyjy, şeýle-de 25 tonnalyk ýük göterijiler, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, gidrogaldyryjylar, göteriji enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar, hereketdäki ussahana awtoulaglary, ýörite agyr awtoulaglar tirkewi, ýükleýji ekskawator, öňtaraplaýyn uly ýükleýjiler, tekerli ekskawatorlar, zir-zibil daşaýjy ulag üçin açyk görnüşli konteýnerler, baglary göçürmek üçin enjamlar, aýratyn dakylýan enjamlar bar.

Şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alynmagy ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň we medeniýetiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Türkmenistanda işletmek üçin daşary ýurtlardan satyn alynýan tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, ýörite gurnalýar. Satyn alynýan tehnikalara bildirilýän şeýle talap olaryň uzak wagtlap, ýokary hilli hyzmat etmegini gazanmakdan ybaratdyr. Jemagat hojalygynyň we beýleki degişli gulluklaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy, ilatly ýerlerde ýokary hilli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň geçirilmegi, pudagyň düzüminde kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup, şunda şäherleriň sagdyn ekologik ýagdaýynyň üpjün edilmegi ileri tutulýar.

15-nji ýanwarda saýlaw möwsümine resmi taýdan badalga berildi. Olara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde tassyklanyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, saýlawlary şu ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi. Şol gün Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şeýle-de okruglaryň, uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garalyp, hereket edýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi.

Saýlawlaryň açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilmeginiň üpjün edilmegi, ilat arasynda degişli düşündiriş işleriniň alnyp barylmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen bir hatarda, saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar tassyklanyldy. Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi.

Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi. Çykyş edenler täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, saýlawlaryň aýdyňlygyny üpjün etmäge uly üns berilýändigini bellediler. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmeginiň üpjün edilmegini, ilat arasynda degişli düşündiriş işleriniň alnyp barylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlediler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda geçiriljek saýlawlaryň giň gerimli syýasy özgertmeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.

16-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şu ýylyň 29-njy martynda geçirmek bellenilen saýlawlara taýýarlyk görmek mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçiriler. Onuň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň mejlislerini, ikitaraplaýyn duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Hepdeligiň çäklerinde sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly söwda-ykdysady geçelgeleri has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi öndürilýän nebit önümleriniň ygtybarly kabul edilmegini, saklanmagyny, ýüklenmegini hem-de demir ýol we deňiz ýollary arkaly daşalmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şeýle-de mejlisde Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmegiň meýilleşdirilýändigi, hususan-da, onuň ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döredilýändigi habar berildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bu ugurda daşary ýurt tejribesini öwrenip, häzirki wagtda beýleki ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda hereket edýän milli toparlara meňzeş nusgany durmuşa geçirýär. Bu toparyň döredilmegi halkara ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, sebit we dünýä ýurtlary bilen bu ugurda utgaşykly hereket etmegi dowam etdirmäge hem mümkinçilik berer.

Hökümet mejlisinde nygtalyşy ýaly, medeniýet ulgamynyň işini döwrebap guramak, maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, syýahatçylygy ösdürmek, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Medeniýet ugurly bilim edaralarynyň okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilip, bilim işini guramagyň usullary häzirki zaman şertlerinden ugur alnyp ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanýan gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak, muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda-da zerur çäreler görülýär.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklip ýetirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli esasda ösdürýär. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli resmi saparlar, iri halkara forumlar, köptaraplaýyn duşuşyklar guralýar. Bularyň ählisi halkara standartlara, diplomatik protokol tejribesine laýyk gelýän ýokary derejeli guramaçylyk we protokol üpjünçiligini talap edýär. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy ulgamynyň ýaş işgärleriniň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde hereket edýän «Diplomatik protokol» atly okuw merkezinde ýöriteleşdirilen okuw sapaklary guralýar. Şeýle hem Türkmenistanyň protokol gullugy işgärlerini özara tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlarda guralýan okuwlara ibermek, şonuň ýaly-da, bu ugurdaky hünärmenleri gysga möhletli okuwlary geçirmek üçin ýurdumyza çagyrmak meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Strategik ähmiýetli bu polat ýol ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerine utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär. Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkara ulag geçelgelerindäki ornuny giňeltmäge ýardam berer.

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy hem-de ol ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Toplumy döwrebaplaşdyrmak, onuň çägini abadanlaşdyrmak, binalaryň içki bezegini kämilleşdirmek, awtomobil ýoluny täzeden gurmakda öňdebaryjy usullary ulanmak, künjegiň degişli ekologik derejesini üpjün etmek, ahalteke bedewleri üçin amatly howa gurşawyny döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Baýramçylyk mynasybetli şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny özünde jemlejek giň gerimli çäreleriň maksatnamasy taýýarlanylýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady ösüşine, halkymyzyň hal- ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, gymmatly taryhy-medeni mirasyň aýawly goralyp saklanylmagyna, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
18.01
Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen
18.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
16.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.01
2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
16.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
15.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Bilim we ylym ulgamy
15.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
14.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
14.01
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
top-arrow