Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Medeniýet
Medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Çap edildi 12.12.2025
2598

Paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy.

Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň hormatyna guralan dabaralar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp etdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor toparlarynyň, teatr artistleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda milli aýdym-sazlaryň daşary ýurt aýdymlary bilen utgaşykly ýaňlanmagy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdymyň ýaňlanmagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan konsertiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Joşgunly aýdym ýurdumyzyň belli tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Aýdym-sazly çykyşlaryň ajaýyp sahnadaky monitorlarda görkezilýän şekiller bilen utgaşmagy onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň aýdyň nyşanyny özünde jemlemek bilen, köpöwüşginli häsiýete eýe boldy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde wajyp gural hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär.

Dünýäniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Garaşsyz Türkmenistan şu geçen döwürde ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazandy.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli bolan syýasy wakalara, halkara çärelere beslendi. Şunuň bilen baglylykda, şanly senäniň hormatyna ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň senasy bolup ýaňlandy. Konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna berlen baha hökmünde kabul edildi. Şunda estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, tans we folklor toparlarynyň sazlaşykly çykyşlarynyň dabara özboluşly öwüşgin çaýandygyny bellemek gerek. Çykyşlarda halkymyzyň bähbidine amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşleri, ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler çeper beýan edildi.

Däp bolşy ýaly, şanly senäniň hormatyna guralan konsertde küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly joşgunly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli baýramçylygyň hormatyna guralan konsert ýakymly pursatlara baý boldy.

Ak mermerli Aşgabadyň nurana agşamlarynda asuda asmany ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerk giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryny jemledi. Asman giňişliginde emele gelen şekiller halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, uly dabaralara beslenen şanly senäni äşgär eden görnüşlere beslendi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow