Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 06.12.2025
2854

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi üçin halkara gatnaşyklar ulgamynda ählumumy bähbitleri utgaşdyrmagyň serişdesine öwrüldi, ýurdumyzyň at-abraýyny we şan-şöhratyny beýgeldýän hem-de türkmen halkynyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlyk hökmünde ykrar edildi. Ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny berkeýär. Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutýan wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly goldaw tapýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, halkara gatnaşyklarda «Açyk gapylar» syýasatyny, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyny baş ýörelge edinen ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny, ata Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekde, türkmen Bitaraplygynyň syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady, durmuş-medeni, ynsanperwer babatdaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürmekde we durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmekde goşan uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem halk wekillerinden, zähmet toparlaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowa

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 6-njy dekabry

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow