Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşoguzda maýyp adamlar üçin muzdsuz ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi
Jemgyýet
Daşoguzda maýyp adamlar üçin muzdsuz ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi
Çap edildi 02.02.2017
1889

Daşoguz şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin dabaraly ýagdaýda ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy. Baýramçylyk ruhunda geçen dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy we deputatlary, welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy, türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. 4 gatly 48 öýden ybarat täze binada geljek ýaşaýjylaryň amatly durmuşy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr, ol “Daşoguzdemirbetonönümleri” kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan şäheriň günorta-günbatar böleginde, Görogly köçesiniň ugrunda gurlar. Bu künjekde okuw-terbiýeçilik sagaldyş toplumynyň täze binasy ýerleşýär, gök zolak döredildi, beýleki täze häzirkizaman köp öýli jaýlaryň gurluşygy hem göz öňünde tutulýar, olaryň düzümine ýaşaýyş-durmuş üçin zerur desgalar hem girer. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda maýyp adamlar hem-de durmuş goldawyna mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin mugt ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda ýakynda kabul eden Karary ilatyň durmuş goraglylygynyň, her bir raýat hakyndaky aladanyň häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň hem-de bu syýasatyň durnukly häsiýete eýediginiň ýene bir subutnamasy boldy. Dürli umumydöwlet maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda hem ilatyň durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça iri möçberli çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu ýerde her ýyl ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçe inedördül metri gurulýar, olar häzirkizaman talaplaryna we dünýä ülňülerine gabat gelýär, täze saglygy goraýyş, bilim edaralary, stadionlar, sport mekdepleri we medeniýet öýleri, ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar demirgazyk welaýatyň ajaýyp binagärlik keşbine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar täze desganyň binýadyna ilkinji beton garyndylaryny oklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň bagtyýar durmuşa üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berýändigine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow