Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
Çap edildi 16.11.2025
2786

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasaty sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden uzap gelýän dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär.

Daşkentiň howa menzilinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halk häzirki wagtda has-da ýakynlaşýarlar.

Soňky habarlar
16.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 428 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow