Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 02.11.2025
2029

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem myhman Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmana Türkmenistan bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary ýurdumyzda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, energetika, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar. “Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygymyzy täze ugurlar boýunça ösdürmäge uly mümkinçilik bar diýip hasap edýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan, karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Işewür netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýdyp, «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow