Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 03.11.2025
128

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak, gurluşyk, senagat toplumynyň pudaklaryny, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiligini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Awazada geçirilýän bu möhüm çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga hem-de durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, toplumyň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň sebitlerinde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi, häzirki zaman bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary hem-de beýleki binalardyr desgalar guruldy. Olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň ýokary derejä göterilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigini bellemek gerek. Täze taryhy eýýamda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Biz merjen paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.

Eziz Diýarymyz günsaýyn pajarlap ösýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Aýratyn-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ýokary depginlerde gurulmagy Garaşsyz döwletimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheri bedew batly ösüşlerimizi alamatlandyrýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen, täze eýýamyň köpugurly ösüşini özünde jemleýän döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Häzirki döwürde eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hem depginli ösýär. Pudakda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi, şu şanly ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň, paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ulgama uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Mineral dökünleri öndürmegiň giň gerimde alnyp barylmagy, olaryň görnüşleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň agrar pudagynyň mineral dökünlere bolan islegini öz güýjümiz bilen doly kanagatlandyrmaga şert döredýär hem-de daşary ýurtlara olaryň eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze, kuwwatly kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi diňe bir himiýa senagatynyň däl, eýsem, tutuş senagat pudagynyň ösdürilmegine hem uly itergi berdi.

Ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ýokary depginde ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi şäherlerimizi we obalarymyzy elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär.

Diýarymyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu serginiň we maslahatyň türkmen hünärmenlerimiz bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
01.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.11
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow