Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
Çap edildi 03.11.2025
133

Hormatly gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan ykdysady strategiýamyz esasynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistan dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulyşýar. Beýleki pudaklar bilen birlikde, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri hem döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan ägirt uly üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Täze taryhy eýýamda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, sebit, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginde bu topluma uly orun degişlidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, soňky ýyllarda ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, möhüm önümçilik desgalary gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Şeýle hem senagat, gurluşyk önümçiligi, himiýa, elektroenergetika düzümleriniň iri desgalary işe girizildi, birnäçe kuwwatly senagat kärhanalarynyň düýbi tutuldy. Bu asylly işler Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalarymyzyň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Dünýäniň binagärlik we gurluşyk sungatynda deňi-taýy bolmadyk ak mermerli Aşgabat şäherinde, welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar hem-de Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurulmagy, onuň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Binagärligiň gadymdan gelýän milli däpleriniň we dünýäniň şähergurluşyk pudagynyň üstünlikleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy gurulýan ähli desgalaryň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesini baýlaşdyrmak, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary özleşdirmek arkaly döwür bilen aýakdaş ösýändigine şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň önümçilik kärhanalarynyň Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alyp barýan gurluşyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýändigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwürde kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap senagat we gurluşyk önümçiligine niýetlenen iri kärhanalar gurulýar. 2024-nji ýylda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlary işe girizilen bolsa, şu şanly ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Bu önümçilik kärhanalary ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri!

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektroenergetika pudagy hem möhüm orny eýeleýär. Bu pudagyň okgunly ösüşinde ýurdumyzyň täze senagat-innowasion keşbini kemala getirmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şertleri jemlenendir. Berkarar döwletimiz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bu ulgamda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlara ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, himiýa senagatyny ösdürmäge hem döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär, pudaga uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Netijede, bu ulgam häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan we çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Konsern tarapyndan ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri, gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylda pudakda Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek we doly gurup tabşyrmak, Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça resminamalara gol çekildi. Ýakynda bolsa Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy. Bularyň ählisi geljekde ýurdumyzyň himiýa senagatynyň has-da ösmegini hem-de milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pugtalanmagyny şertlendirýär.

Häzirki döwürde ýolgurluşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär. Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr.

Hormatly gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň gurluşyk, senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
01.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.11
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow