Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
Çap edildi 02.11.2025
141

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Şu gün biz Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desgany, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini dabaraly açyp ulanmaga bereris. Men siziň ähliňizi Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, şeýle-de täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň senagatyny innowasion esasda ösdürmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýokary tehnologiýaly, eksporta niýetlenen önümçilikler döredilýär. Netijede, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň dowamynda hem ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri giňden beýan ediler.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer.

Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.

Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer. Ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmegi bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

Hormatly adamlar!

Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ine, bu gün bolsa biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir.

Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys. Umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler. Täze köpri we awtomobil ýoly ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly adamlar!

Şu gün Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär. Deňiz suwuny arassalaýjy bu desga Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Umuman, ýurdumyzyň Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar. Biz geljekde-de Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Türkmenbaşy şäheri, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabry)

Soňky habarlar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
01.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.11
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow