Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mary şäherinde durmuş ähmiýetli täze binanyň düýbi tutuldy
Jemgyýet
Mary şäherinde durmuş ähmiýetli täze binanyň düýbi tutuldy
Çap edildi 01.02.2017
1916

Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen täze dört gatly ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutumak dabarasy boldy. Köp öýli täze jaýy şäheriň günorta-günbatar künjeginde ýerli gurluşyk firmalary bina ederler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýyplar üçin mugt ýaşaýyş jaý gurmak baradaky başlangyjy boýunça badalga berlen maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň Başlygy we deputatlar, welaýatyň hem-de şäheriň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk äheňinde bezelen sport mekdebiniň ýanynda täze jaýyň ýerleşjek ýeriniň golaýynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onuň barşynda welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlary dürli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda türkmen halkyny täze belentliklere, uly üstünliklere alyp barýan Arkadagy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Sport mekdepleriniň türgenleri görkezme çykyşlarynda öz ussatlyklaryny beýan etdiler. Aýdym-sazyň we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda täze binanyň demir gurnama binýadyna ilkinji beton garyndylary atyldy. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent, giň aşhanaly döwrebap jaýlarda göwnejaý ýaşaýyş üçin ähli şertler üpjün ediler. Onuň girelgelerinde we basgançaklarynda tutawaçlar hem-de ýeňil düşmäge niýetlenen mümkinçilikler dörediler. Täze jaýy gurmak üçin şäheriň köp şahaly durmuş düzümi kemala gelen ýaşaýyş toplumynyň çägi saýlanyp alnypdyr. Munuň özi mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem bu ýerde çagalar baglary, umumy bilim berýän mekdepler, söwda toplumlary we lukmançylyk edaralary ýerleşer. Bu ýerde gurlup ulanmaga berlen döwrebap sport mekdebi sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmakda möhüm desgalaryň biri bolup durýar. Ol şu döwürde sporty söýýänler we sagdyn-durmuş ýörelgesine ygrarly adamlar üçin gelim-gidimli ýere öwrüldi. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlary, şol sanda mümkinçiligi çäkli bolan ynsanlary berkidýär we olarda maksada okgunly häsiýetiň kemala gelmegini şertlendirýär. Durmuş maksatly binanyň gurluşygyna gatnaşyjylap häzirki giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda ähli bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna Arkadagymyzy ynandyrdylar hem-de döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow