Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 14.10.2025
1732

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Willem-Aleksandr,
Niderlandlaryň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa 

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Salman bin Hamad Al Halifa,
Bahreýn Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa 

Siziň Alyhezretiňiz!

Pakistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu möhüm sene türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny, tutanýerliligini, ajaýyp üstünliklerini alamatlandyrýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda şeýle üstünlikleriň gazanylmagy dowam edýär.

Pakistan Türkmenistan bilen köpasyrlyk medeni ýörelgelere esaslanýan taryhy we doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň dürli ugurlar boýunça giňeldilmegi bilen, maýa goýum, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy hem-de sebitleýin gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň oňyn depginini has-da ösdürmek maksady bilen, ýene-de bir gezek Siziň Alyhezretiňizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Pakistana gelip görmäge çagyrýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Şahbaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa 

Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size ýurduňyzyň milli baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de ýurduňyza gülläp ösüş, halkyňyza bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Halklarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki tagallalar arkaly Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmek we hormat goýmak ruhunda mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşjakdygymyza berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Juro Masut,
Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa 

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size mähirli gutlaglarymy hem-de ýurduňyza we türkmen halkyna gülläp ösüş, abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Biz dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýäris.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hristian Miskoski,
Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow