Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy
Çap edildi 09.10.2025
1221

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» ikinji Sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. 

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy medeni we ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim we ynsanperwer ýaly ulgamlary öz içine alýar. 

Milli bähbitlere özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog bu hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda netijeli orun eýeleýär. 

«Merkezi Aziýa – Russiýa»  formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady. 

Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada we hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumyny geçirmek boýunça başlangyjy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. 

Paýtagtymyzdan ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Duşenbe şäheriniň mejlise gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menziline gelip gondy. 

Döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň ýokary wezipeli resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňky habarlar
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
13.03
“Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
13.03
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
13.03
Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüküni ibermek bellenildi
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
top-arrow