Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenabatda maýyplar we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlanyldy
Jemgyýet
Türkmenabatda maýyplar we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlanyldy
Çap edildi 31.01.2017
2168

Lebap welaýatynyň merkezinde maýyplara we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Gurluşyk meýdançasynyň çäkleri baýramçylyk görnüşinde beslenipdir. Bu ýere Mejlisiň başlygy hem-de deputatlary, ýerli häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de bu desgany bina etmek tabşyrylan Zerger demir-beton gurnama zawodynyň gurluşykçylary ýygnandylar. 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndylary guýuldy. Bina şäheriň merkezinde welaýat keselleri anyklaýyş we maslahat beriş merkeziniň hem-de iň häzirki zaman gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň ýakynynda gurlar. Taslamada mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin has amatly şertleriň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Ýaşaýyş jaýynyň howlusynda futbol, woleýbol, basketbol oýnamak üçin meýdançalar hem-de çagalaryň oýun meýdançalary gurnalar. Bu ýerde dynç almak üçin ýaşyl baglyklar ýerleşer, şu günki dabara gatnaşanlaryň oturdan ilkinji agaç nahallary ýetişer.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow