Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 25.09.2025
2830

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.

Daşary işler ministrligi, Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak barada ýüz tutan resminamalaryny resmileşdirmek bellenildi.

***

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow