Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi
Syýasy habarlar
Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi
Çap edildi 05.09.2025
2545

Düýn paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýagşy dessury kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak ýörelgeleri arkaly dowam etdirilýär. Owganystanda bolan ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem ýurdumyzda şeýle asylly ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär edýär.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgeleri işjeň ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalary esasynda ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary söýgi we alada bilen gurşalandyr. Maşgala goldaw bermek, eneligi, çagalygy goramak, ýaş nesle döwrebap terbiýe we bilim bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Beýleki ýurtlaryň çagalaryna hem ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän mätäji goldamak, oňa kömek bermek ýaly ýörelgelerine eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna ynsanperwerlik kömegini berýär. Bu bolsa halklaryň arasynda dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyrynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy hem barha işjeňleşdirýär, kömege mätäçlere yzygiderli hemaýat-goldaw berýär. Munuň özi Owganystanda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gazna tarapyndan iberilen ynsanperwerlik ýükleriniň mysalynda-da öz beýanyny tapdy. “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi.

Goňşy ýurtda Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi ýakymly pursatlara beslendi. Oňa gatnaşyjylar owgan halkyna yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň berýän kömek-goldawlary, edýän hemaýaty hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirýär. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy ýurduň ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna iberilen önümlerdir harytlary kabul etmek çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň berýän kömek-goldawynyň, ynsanperwer tagallalarynyň owgan halkyny belent maksatlara ruhlandyrýandygy nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar kyn günde goldaw bermegiň sogap iş hasaplanýandygyny belläp, şeýle agyr pursatlarda doganlyk goluny uzadýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow