Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Balkanabatda maýyplar üçin mugt ýaşaýyş jaýlarynyň köp öýli jaýlaryň gurluşygyna girişildi
Jemgyýet
Balkanabatda maýyplar üçin mugt ýaşaýyş jaýlarynyň köp öýli jaýlaryň gurluşygyna girişildi
Çap edildi 29.01.2017
2064

Balkanabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün ir bilen welaýatyň merkezindäki 13-nji kiçi etrapçasynda iri ýaşaýyş jaý toplumynda guruljak binanyň ýanynda türkmen toýuna mahsus ýagdaý emele geldi. “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Ýöritenebitgurnamagurluşyk” trestiniň “Dehistan” nebitçiler Medeniýet köşgüniň folklor-etnografiýa toparlarynyň we beýleki döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar milli owazlaryň utgaşmagynda aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalar bilen ýaşaýyş jaýynyň binýadyna ilkinji beton garyndylary atmak dabaralary boldy. Şeýle hem täze ýaşaýyş jaýynyň ýanynda söwda merkezi, çagalar bagy we mekdep hereket edýär. Bu bolsa mümkinçiligi çäkli raýatlar we olaryň maşgalalary üçin has-da ähmiýetlidir. Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Onuň netijesinde şäherleriň we obalaryň keşbi özgerýär. Senagat, durmuş we medeni maksatly köpsanly döwrebap desgalar bina edildi we olaryň gurluşygy dowam edýär Halkymyzy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllaryň dowamynda müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman jaýlaryna göçüp bardylar. Şäherlerde bolşy ýaly, oba ýerlerinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy has giň möçberlere eýe boldy. Köpsanly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän täze taryhy eýýamyň asylly ýörelgesine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygyň bähbidine alyp barýan işlerinde ägirt uly üstünlik arzuw edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow