Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ahal welaýatynda durmuş goraglylygyna mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşugyna başlandy
Jemgyýet
Ahal welaýatynda durmuş goraglylygyna mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşugyna başlandy
Çap edildi 29.01.2017
2198

Ahal welaýaty, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen täze häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy. Şeýlelikde, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen köp öýli täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Taslama laýyklykda, jaýyň basgançaklary, girelgeleri we tutawaçlary w beýlekileri maýyp adamlaryň mümkinçiliklerine görä üpjün edildi. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda ýaşaýyş jaýynyň öýleri häzirki döwürde ýaşaýyş jaý gurluşygyna bildirilýän talaplara doly laýyk geler. Munuň özi belent we ýerleşdirilişi amatly ýagty otaglardan, giň aşhanalardan ybaratdyr. Dabara gatnaşyjylar desganyň binýadyna ilkinji beton garyndylaryny atmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň, her maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün etmek meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar, türkmenistanlylary häzirki zaman, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow