Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda maýyp adamlara niýetlenen mugt ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi
Jemgyýet
Türkmenistanda maýyp adamlara niýetlenen mugt ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi
Çap edildi 29.01.2017
2204

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi, Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen, dört gatly köp öýli jaýlar bina ediler. Paýtagtymyzyň we welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça olary ýerli gurluşyk kärhanalary gurar. Binalary şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu jaýlardaky öýler maýyp adamlara hem-de durmuş goldawyna mätäç beýleki raýatlara tölegsiz esasda berler. Bu işi biz geljekde hem dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu günler resminama laýyklykda, birnäçe welaýatlarda döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň gydymy ynsanperwerlik we köpasyrlyk ýagşy dessurlaryna daýanýan syýasatynyň möhüm ugruny alamatlandyrýan durmuş maksatly taslamalara badalga berildi. Şanly waka mynasybetli guralan dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Täze binanyň guruljak ýeriniň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, bu meýdança howa şarlary, baýdaklar hem-de beýleki serişdeler bilen bezelipdir. Aýdym-sazlar ýaňlanýar, döredijilik toparlary joşgunly tans, aýdym-saz çykyşlary bilen bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdylar. Ýakyn günlerde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem şeýle dabaralar ýaýbaňlandyrylar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow