Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
2491

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän forumyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de onuň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şeýle-de belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, hususy pudagyň ugry boýunça dialogyň has-da işjeňleşdirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda eýeleýän ornuna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine gönükdirilen netijeli teklipleridir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow