Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bilim ulgamyna ýardam bermek boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslama durmuşa geçirilýär
Jemgyýet
Bilim ulgamyna ýardam bermek boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslama durmuşa geçirilýär
Çap edildi 27.01.2017
2131

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji strategik okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝB-niň wekilhanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurduň birnäçe pudak edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşýarlar. Çäreleriň deslapky meýilnamalary, milli bilim ulgamynda gazanylanlar, 2009-2013-nji ýyllarda amala aşyrylan ÝB-niň ozalky iki sany degişli ugurly taslamalarynyň netijeleri nazara alnyp, taslamanyň tehniki wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işçi toparlarda türgenleşik amallary, institusional mümkinçilikleri strategik meýilleşdirmek we ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de beýleki meseleler boýunça amaly sapaklar geçiler. ÝB-niň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasynyň tehniki wezipelerini (TW) berjaý etmäge has oňaýly çemeleşmeleriň kesgitlenilmegi onuň netijesine öwürler. Okuw-maslahaty işini 29-njy ýanwarda tamamlar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow