Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edip, uly zähmet üstünligini gazanmaklary mynasybetli türkmen halkynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek maksady bilen, oba hojalygynyň ähli pudaklaryny, şol sanda gallaçylygy ylmy esasda kämilleşdirmäge, bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji iýunynda Siziň ak bugdaýyň gadymy mekanyna — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, galla oragynyň depgini bilen tanyşmagyňyz hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata bermegiňiz, gallaçy kärendeçileriň şertleri bilen hemişe gyzyklanyp durmagyňyz, berýän goldawlaryňyz oba zähmetkeşlerini has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy dabaralandyrylýan 2025-nji ýylda eziz Diýarymyzyň ak ekin meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän, ýokary hasyllylygy, däneleriniň iriligi bilen tapawutlanýan «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» ýaly täze görnüşleri ekildi. Ýurdumyzda bugdaýyň seleksiýa, tohumçylyk işlerini döwrebap alyp barmaga, ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň ylmy gözleglerine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň Gahrymany, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzminiň hyzmatlarynyň uludygyny bellemek isleýärin.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň nygtaýşyňyz ýaly, eziz Diýarymyzda gallanyň bol hasyly öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň we ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandy bardyr.
Siziň sahawatly çözgütleriňiz bilen türkmen topragy rysgal-bereketli, bol bugdaý hasylly mekana öwrüldi. Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda, gurplulygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarydyr. Oba hojalygynyň jogapkärli möwsümi bolan galla oragynyň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegi bu ugurdaky toplumlaýyn çäreleriň netijesidir.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Eziz Diýarymyzyň edermen gallaçylarynyň göwünleri galkyndyran hoş habary Siziň parasatly baştutanlygyňyzda oba hojalyk özgertmeleriniň guwandyryjy netijelere beslenýändiginiň, ata-babalarymyzdan miras galan daýhançylyk däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr.
Halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiz hemişe goldaw berýär. Döwletimiz ýer eýelerini zerur bolan kämil tehnikalar, suw, ýokary hilli tohum, mineral dökünler bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edýär. Munuň özi öndürilýän oba hojalyk önümleriniň, şol sanda bugdaýyň hasylyny ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Her ýyl galla oragy möwsüminde «John Deere», «CLAAS» ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň netijeli işi ýola goýulýar. Bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary, hususy önüm öndürijileri uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gallaçy daýhanlarymyz öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Size egsilmez alkyş aýdýarlar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Sizi merdana gallaçy daýhanlarymyzyň sahawatly türkmen topragyndan gallanyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, Siziň amala aşyrýan oba hojalyk özgertmeleriňiz, gallaçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryňyz mundan beýläk hem uly rowaçlyklara beslensin!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.