Baş sahypa
\
Resmi
\
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary
Resmi
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary
Çap edildi 11.07.2025
33

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesi girizildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewiň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Aýdogdyýewiç Kurbanow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Derýaguly Hudaýgulyýewiç Rzaýew Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbanmyrat Sähedow, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güýçgeldi Garýagdyýewiç Hojamyradow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Baýrammyradowiç Rejepow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sähetmyrat Seýitmyradowiç Pürsüýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbansähet Amansähedowiç Gurbansähedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Peýzulla Rozbaýewiç Hydyrow, pensiýa gitmegi sebäpli, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Amanowiç Atabaýew Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gaýgysyz Annaçaryýewiç Ataýew Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Tahyrgylyç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Sähetgulyýewiç Meredow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary Meýlis Begençewiç Çaryýewiň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Reýimkuly Törekulyýewiç Ýagşiýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rahym Kakabaýewiç Saparow Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin olaryň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek we güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak;

okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin döwlet gullukçylaryny, şeýle hem magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň täjirçilik arbitražy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna magistrleri taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda talyplary kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aýa çenli) tölegli esasda diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
11.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
11.07
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowа
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.H.AGAHANOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.W.AKMÄMMEDOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.M.ANNADURDYÝEW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany SAPBAÝEW D.I. hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.ÇAKYÝEW hakynda
top-arrow