Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleriň geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleriň geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
Çap edildi 09.07.2025
141

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezine geldi. Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän bu merkez özüniň binagärlik çözgüdi netijesinde Awazanyň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşýar.

Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ýurdumyzyň jana şypaly bu künjegi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Häzir bu ýerde köp sanly kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherjikleri, seýilgähler, dynç alyş we şypahana düzümleri halkyň hyzmatynda. Gözel tebigatyň ekologik derejesi, Awaza derýasy bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Säher bilen Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin has-da ýakymly. Munuň özi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda-da ýokary ekologik ýagdaýy saklamak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ilatyň saglygyny berkitmek, adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyny ýola goýmak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

...Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Gahryman Arkadagymyz keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga bürenen Awazanyň çäklerini synlady. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi netijesinde, deňziň kenaryndaky tokaý zolaklarynyň çäginde saýaly baglara beslenen seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň gezelenç etmekleri, amatly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere doly kybap gelýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, biodürlüligi baýlaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Soňra Milli Liderimiz Kongresler merkeziniň ýanyna gelip, binanyň daş keşbini synlady, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz binanyň içine girdi. Köp gatly bu merkeziň daş keşbinde bolşy ýaly, onuň içki bezeg işlerinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşýar. Altyn öwüşginli nagyşlary bolan bina kaşaňlygy, özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Merkez halkara derejeli çäreleri, maslahatlary, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmäge niýetlenendir. Onuň uly we kiçi zallary bolup, olar häzirki zaman tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylan. Bu bolsa merkezde onlaýn görnüşdäki maslahatlary guramaga-da mümkinçilik berýär.

Halkara forumyň geçiriljek günlerinde bu merkeziň binasynda hem birnäçe ähmiýetli çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Çünki toplumda dürli derejedäki halkara çäreleri guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny, şoňa görä, binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Bu ýerde döredilýän şertler merkeziň işewürlik we syýasy işjeňlik ýagdaýyna laýyk gelmelidir. Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly wekilleriň ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin sazlaşykly işler ýola goýulmalydyr. Şunda dünýä ülňüleri esasy ugur edinilmelidir.

Öňde boljak çäreleriň ýurdumyzyň taryhyna täze, möhüm sahypany ýazjakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz halkara forumyň guramaçylykly geçirilmeginiň ýurdumyzda tutumly işleriň üstünlikli amal bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunda Kongresler merkezinde döredilýän şertler bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidir. Iň esasysy bolsa, bu ýerde guralýan halkara çäreleriň giňden beýan edilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Bu binanyň häzirki zamanyň iň täzeçil tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylandygy, olarda gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek, wakalary giňden beýan etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigi barada jikme-jik maglumatlar berildi. Gahryman Arkadagymyz binanyň bölümleriniň ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmeginiň, olaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli maslahatlaryny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gämä münüp, deňziň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy öz çägini yzygiderli giňeldýär. Şunda medeni-durmuş maksatly binalaryň abatlaýyş işleri batly depginde dowam edýär. Kenar ýakalarynda ýaýbaňlandyrylan işler syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejeli ähmiýetini has-da belende göterýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklary barha rowaçlanýar. Munuň özi parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrýar. Deňziň kenarynda alnyp barylýan ideg we abatlaýyş işleri bu künjegiň gözellik derejesine we ekologik ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.

Hazaryň kenarynda ýylyň ähli paslynda dynç almak we saglygyňy berkitmek üçin zerur bolan amatly şertler üpjün edildi. Aýratyn-da, tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýere gelýänleriň sany yzygiderli artýar. Şol bir wagtyň özünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy maşgala bolup dynç almagy halaýanlaryň söýgüli künjegine öwrüldi. Bu ýerde wagtyny şadyýan we gyzykly geçirýän çagalaryň şatlyk-şowhuny belende göterilýär. Olar bagtyýar zamananyň eşretleriniň hözirini görüp, özleriniň ýokary derejede dynç almagy ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny aýdýarlar.

Awazanyň çäginde her ýylda dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Munuň özi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen zolagyň dünýäde giňden ykrar edilen merkez hökmünde eýeleýän derejesini tassyklaýar. Şeýle hem Hazar deňzine, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna Merkezi Aziýa sebitinde halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun degişlidir. Bu zolagyň ykdysady, medeni we syýasy mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ähli zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa Awazanyň halkara ähmiýetli merkez hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hem depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, dynç alyş zolagynyň çägini giňeltmek, abatlaýyş işlerini çaltlandyrmak babatda öz degerli maslahatlaryny berdi. Zolagyň binalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, onuň yşyklandyryş ulgamyna we bu künjegiň ekologik ýagdaýyna-da möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz halkara maslahatyň çäklerinde medeni-ynsanperwer çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiziň garamagyna Awazanyň medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen merkeziniň abatlaýyş işlerine degişli şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, çaýhananyň, oýun-güýmenje meýdançalarynyň taslamalary, bu ýerde we suw çüwdürimleriniň howdanlarynda oturdyljak mermerleriň, oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň, merkeziň çäginiň germewleriniň görnüşleri, çykyş etmäge niýetlenen sahnanyň abadanlaşdyrylyşy ýaly taslamalar bar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bellenilişi ýaly, deňziň kenarynda geçiriljek halkara forumyň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şeýle hem iri maslahatyň hormatyna özboluşly dostluk festiwalynyň guraljakdygy, oňa Merkezi Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzda guralýan halkara çäreleriň tutuş dünýä derejesinde ähmiýetlidiginiň beýanydyr. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan abatlaýyş işlerinde ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil hem-de göze gelüwlilik babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesine, milli binagärlik ýörelgeleriniň ýokary derejesine esaslanylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ýerine ýetirilýän işler uzak geljegi nazarlaýan binagärlik çözgütlerine öwrülmelidir. Olarda berklik, oňaýlylyk we owadanlyk sazlaşykly utgaşmalydyr. Aýratyn-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guraljak aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýän tagallalar öz beýanyny tapmalydyr. Şonuň ýaly-da, dynç alyş zolagynyň aýdym-saz sahnasynyň bezegi, onuň yşyklandyryş ulgamy we bu töweregiň ekologik derejesi bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forum ýatda galyjy wakalara, täsirli pursatlara beslenmelidir. Onuň köpöwüşginli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň Bitaraplyk strategiýasyna kybap gelýän milli ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezer diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Hormatly Arkadagymyz Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkitjekdigini belledi. Bu çäreler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirer.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň gözel künjeginde ýerleşýän käbir myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen tanyşdy. Kaşaň binada häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşygyny duýmak bolýar. Bu ýerde adamlara dynç alşyň ýokary derejeli hyzmatlary hödürlenilýär. Milli Liderimiz öňde boljak halkara foruma gatnaşýan myhmanlar üçin niýetlenen otaglar bilen tanyşdy. Olarda ýokary derejeli ýaşaýyş we oňaýly dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde boljak myhmanlaryň türkmen halkynyň milli däpleri esasynda garşylanylmalydygyny, olar üçin ýokary derejeli şertleriň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň türkmen myhmansöýerligini duýmaklary babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Myhmanhanalaryň otaglarynda hyzmatlaryň ýokary derejesi ýola goýulmalydyr. Olar özlerini rahat we arkaýyn duýmalydyrlar. Munuň özi türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine kybap gelýän şertleriň üpjün edilmelidigini aňladýar. Bu ugurda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, Milli Liderimiz myhmanhananyň gapysyndan ätlän her bir adamyň bu ýerde bolan günleriniň ýakymly pursatlara beslenmegi ugrunda yzygiderli alada edilmelidigini nygtady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz myhmanhananyň daşyna çykyp, binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny, gök zolaklara ideg işleriniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň çäklerinde bar bolan myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi bilen baglanyşykly tanyşlygyny dowam etdi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça forumyna gatnaşyjylaryň bir böleginiň ýaşajak myhmanhanalarynda ýokary derejeli şertler üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän şertleriň amatlylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz myhmanlaryň bu ýerde ýaşan wagtynda oňaýly dynç almaklary, gezelenç etmekleri we deňiz gözelligini synlap bilmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda halkara foruma çenli az wagtyň galandygyny nazara alyp, ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ähli gurluşyk we abatlaýyş işleriniň ýokary hil derejesinde, kesgitlenen möhletlerde berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň guralmagy maksadalaýyk bolar. Çünki meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi maslahatyň guramaçylyk derejesine öz täsirini ýetirer. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňde boljak halkara forumyň taryhy ähmiýeti barada makalalaryň, tele we radio gepleşikleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilmelidir. Forumyň geçişi barada ýurdumyzyň internet saýtlary, elektron neşirleri, teleradioýaýlymlar yzygiderli seslenmelidir. Munuň özi forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ähmiýetini dünýä ýaýmakda wajyp ähmiýete eýe bolar.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar halkara forumy häzirki zaman tejribelerine laýyklykda, guramaçylykly geçirmek babatda öz maslahatlaryny berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler we öňde durýan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz hemmelere jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
09.07
Ekologik abadançylyk — ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti
09.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleriň geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
09.07
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.07
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
top-arrow